Ï Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa» platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa» platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär

view-icon 312
Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa» platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär

Şu günlerde Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» platformasynyň çäginde sebitiň ekspertleriniň we analitikleriniň nobatdaky maslahaty geçirilýär. Bu çäre forumyň sekretariaty we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi tarapyndan guraldy. Şeýle görnüşdäki ilkinji maslahat iki ýyl mundan ozal Daşkent şäherinde geçirildi.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa özbaşdak halkara subýekt hökmünde ähli ugurlar boýunça öz ornuny barha berkidýär we «Merkezi Aziýa+» formatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu möhüm mehanizmi döretmek başlangyjyny ilkinjileriň hatarynda bolup 2007-nji ýylda Koreýa Respublikasy öňe sürdi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary we Koreýa Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle hem ekspert-analitik jemgyýetiň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we olary ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» forumynyň çäginde bilelikdäki işleriň baý tejribesi toplandy we bu uzak möhletli geljekde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas döredýär.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Koreýa Respublikasy ilkibaşdan formata gatnaşyjylaryň ählisiniň durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, bu altytaraplaýyn formatyň esasy wezipesi ykdysady hyzmatdaşlyk bolup durýar.

Günorta Koreýa işewürliginiň Merkezi Aziýada giňelmegi, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň ösüşine oňyn täsir edýär we giň hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki maslahatyň dowamynda bilelikdäki dialogda senagat, maýa goýum, tehnologiýa we telekommunikasiýa ugurlarynda netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun berilmelidigi nygtaldy. Koreýa Respublikasy bu ugurlarda uly tejribä eýedir. Öz gezeginde, Merkezi Aziýa ýurtlary baý tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşişi we ýaş, işjeň ilaty bilen Koreýa Respublikasy üçin geljegi uly hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

Forumyň gatnaşyjylarynyň ara alyp maslahatlaşan meseleleriniň hatarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, umumy gyzyklanmalary we heniz doly peýdalanylman galan mümkinçilikler, şol sanda täze geosyýasy şertlerde Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk, ylmy-seljeriş hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýeti, sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça yzygiderli dialogy ýola goýmak we pikir alyşmalary dowam etdirmek, özara bähbitli ösüşiň netijeli mehanizmlerini döretmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ösdürmek ýaly ugurlar bar.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri Koreýa Respublikasy bilen dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge berk ygrarly bolup gelýär. Häzirki wagtda bu gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm bölegi «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» platformasydyr. Bu platforma taraplaryň özara zerurlyklaryna we mümkinçiliklere has gowy düşünmek arkaly hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlaryna bilelikdäki tagallalary jemlemäge mümkinçilik berýär.

Forumda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň agzalary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň möhüm şerti hökmünde ýurtlarymyzyň halklaryny birleşdirýän çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklary, şeýle hem olaryň esasy gymmatlyklarynyň we ahlak ýörelgeleriniň meňzeşligini aýratyn nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara hormata we bähbitlere esaslanýan köpugurly dialogy ösdürmek üçin işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Syýasaty öwrenijileriň we analitikleriň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýakyn geljekde öz mümkinçiliklerinden durnukly peýdalanmak we gülläp ösýän geljegi üpjün etmek üçin netijeli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek aýratyn möhüm bolup durýar.

Forum «Kohi Nawruz» medeni-dynç alyş toplumynda maslahatyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar üçin guralan medeni maksatnama bilen tamamlandy.

Forumda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Gaýgysyz Döwletow, şol institutyň uly mugallymy Şöhrat Diwangulyýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň direktory Şiri Şiriýew hem-de şol ýokary okuw mekdebiň seljeriş merkeziniň esasy ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew dagy wekilçilik edýär.