Ï Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder

view-icon 113
Daşoguz welaýaty 2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligini kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.

Kararyň taslamasy barada döwlet Baştutanymyza wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi her ýylyň iýun aýynda geçirilýär hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralýar. Bu asylly däp milli medeni mirasymyzy wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnygyny giňden açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, degişli Karara gol çekdi hem-de ony ýokary derejede guramak boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.