Ï Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär

view-icon 107
Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hasabatyny diňledi.

Geljek aýda ÝTÖB-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana meýilleşdirilen saparyna taýýarlygyň çäklerinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy mowzugy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalar toplumyny taýýarlamak boldy.

Täze ylalaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny, ulag-logistika pudagyny, daşky gurşawy goramak ugruny hem-de maliýe-bank ulgamyny öz içine alar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de abraýly halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna ÝTÖB bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek babatda işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.