Ï Türkmen wekiliýeti Italiýada geçirilen halkara okuw-maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Italiýada geçirilen halkara okuw-maslahata gatnaşdy

view-icon 80
Türkmen wekiliýeti Italiýada geçirilen halkara okuw-maslahata gatnaşdy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» taslamasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy. Ol Italiýanyň Bolonýa şäherinde 14 – 20-nji iýun aralygynda «Italiýa – Merkezi Aziýa» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirildi.

Çäre Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Ka-Foskari italiýan uniwersitetiniň utgaşdyrmagynda guraldy.

«Oba hojalygynyň durnukly ösüşi» diýen tema bagyşlanan okuw maslahatynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk, ekologiýa we suw serişdelerini dolandyrmak boýunça iki hepdelik onlaýn okuw geçirildi.

Okuw maksatnamasy dünýäniň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Bolonýa uniwersitetiniň Aziýa institutynda başlandy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri öz ýurtlarynda oba hojalyk we suw tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamynda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdyrdylar.

Maksatnamanyň dowamynda öňdebaryjy italýan professorlary takyk ekerançylyk, emeli aň, kiber serişdeler, sanly ulgamlar hem-de howanyň üýtgemeginiň oba senagat ulgamyna ýetirýän täsiri barada umumy sapak geçdiler. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar üçin gurakçylyga garşy göreşmek, suwarmagyň innowasion ulgamlaryny ornaşdyrmak we halkara derejeli taslamalary meýilleşdirmek diýen temalar boýunça amaly okuwlar hem-de toparlaýyn işler guraldy.

Desgalara iş sapar bilen gidilmegine uly üns berildi. Oňa gatnaşyjylar Emilii-Romani sebit hökümetiniň binasyna baryp görüp, Ýewropa Bileleşiginiň oba hojalyk standartlary hem-de Oba hojalyk bilimleriniň we innowasiýalarynyň utgaşdyrylan ulgamy (AKIS) bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, «Canale Emiliano Romagnolo» suwaryş kanalyna, «ACQUA CAMPUS» ylmy-barlag synag merkezine, «Codigoro» suw çykaryş bekedine hem-de «Salvi Vivai» innowasion pitomnigine tanyşlyk gezelenji geçirildi. Şol desgalarda innowasion gidrawlik tehnologiýalaryň, suw tygşytlaýjy kiber gurallaryň we dürli howa şertlerine durnukly bolan ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň usullary görkezildi.

Bu sapar oňa gatnaşyjylara durnukly oba hojalyk, takyk suwarmak hem-de durnukly gidrotehniki ulgamlar babatda italýan hünärmenleriniň innowasion tejribelerini giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Okuw maslahatyň ahyrynda Bolonýa uniwersitetiniň Aziýa institutynyň ýolbaşçylary we halkara bilermenler çäräniň okuw maksatnamasynyň amaly hem-de nazary tapgyrlaryny üstünlikli tamamlan diňleýjilere halkara güwänamalary gowşurdylar.