Türkmenistanda 2026-njy ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we paýtagtymyzyň myhmanlaryna döredijilik forumynyň iň möhüm medeni wakalarynyň biri – opera sungaty hödürlendi. Bu baýramçylyk mynasybetli ýörite Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyrmagynda Daňatar Öwezowyň we Ýuliý Meýtusyň «Leýli we Mežnun» operasy görkezildi. Halk döredijiliginiň esasynda ýazylan bu ajaýyp saz eseriniň döredilenine şu ýyl 80 ýyl dolýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçylary we sazandalary öz zehinlerini birleşdirip, tomaşaçylara belent wokal sungatynyň hakyky baýramyny peşgeş berdiler.

Şol agşam teatryň eýwanynda guralan türkmen teatr sungatynyň ösüşine bagyşlanan giň gerimli sergi myhmanlary garşy aldy. Onda meşhur teatr işgärleriniň portretleri, sahna egin-eşikleri, teatr sahna oýunlarynyň bezeg taslamalary, oýunlaryň we operalaryň maksatnamalary, bildirişleri hem-de teatr sungaty bilen baglanyşykly beýleki gymmatlyklar görkezildi.
Dirižýor Döwletmämmet Ökdirowyň ýolbaşçylygynda ýaňlanan uwertýuranyň täsirli owazlary zaly doldurdy. Perde açylanda tomaşaçylaryň öňünde ajaýyp bag peýda boldy. Şol ýerde Leýli bilen Kaýys gudaçylygyň netijesine umyt bilen garaşýardylar. Emma olaryň ýanyna gelen Leýliniň kakasy gaharyna Kaýsa: «Sen däp-dessurlarymyzy bozan mežnun!» diýip näletleýär we sawçylary öýünden kowýar.

Ine, şeýlelikde Gündogaryň ähli halklarynyň medeniýetinde mynasyp orun alan iň hasratly söýgi kyssasy başlanýar. Teatryň sahnasynda bu hekaýa ajaýyp sesleriň, täsirli sazlaryň we owadan bezegleriň utgaşmagynda hakykatdan-da gymmatbaha göwher ýaly şöhle saçdy.
Opera bäş perdeden ybarat bolup, tomaşaçylar artistler bilen bilelikde Mekgä syýahat etdiler, Kaýys bilen daglary we çölleri aýlandylar, Leýliniň başga birine durmuşa çykmazlyk üçin zäher içmäge karar beren pursadyna şaýat boldular. Ahyrynda bolsa Mežnun söýgülisiniň aradan çykandygyny eşidýär. «Indi biz ebedilik bile bolarys» diýen sözleri aýdyp, ol hem jan berýär. Şol pursat Leýli sahna çykýar we olar el-ele tutuşyp, bakylyga tarap ugraýarlar.

Operanyň tamamlanmagy bilen tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary dowamly alkyşlara öwrüldi. Olar hakyky söýginiň ömrüň özünden hem beýikdigini görkezýän bu ajaýyp operanyň döredijilerine we ýerine ýetirijilerine hoşallyk bildirdiler. Režissýor Aýnazar Batyrow sahna çykyp, opera öz goşandyny goşan ähli wokal ýerine ýetirijilerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
– Netijeden örän kanagatlandym – diýip, Aýnazar Batyrow gazetimiziň okyjylary üçin taýýarlanan söhbetdeşlikde aýtdy. – Opera awtorlaryň niýet edişi ýaly, çuňňur duýgy bilen we ýürekden ýerine ýetirildi. Munuň üçin ähli wokal ýerine ýetirijilerimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Esasan hem Mežnunyň keşbini ýerine ýetiren Kadyr Esenowa aýratyn hoşallygymy aýdýaryn. Ol öz zehini we zähmetsöýerligi bilen özüni görkezdi.

– Bu hakykatdan-da beýik saz – diýip, operanyň dirižýory Döwletmämmet Ökdirow belledi. – Ol kompozitorçylyk sungatynyň ussatlary tarapyndan 1946-njy ýylda döredilipdi, ýagny şu ýyl oňa takyk 80 ýyl dolýar. Bu eser belent ruhy gymmatlyklary we milli öwüşginleri bilen türkmen opera sungatynyň altyn gaznasynda mynasyp orun eýeledi.
Çagalyk ýyllarymda uýam Leýli bilen bilelikde mugallymymyz Roza Saparowna Turaýewadan tälim alýardyk. «Leýli we Mežnun» onuň iň söýgüli operalarynyň biridi. Ol, köplenç, Leýliniň ariýasyndan parçalary hiňlenýärdi. Bir gezek ol: «Men seniň dirižýorlyk edip, Leýliniň bolsa bu operada aýdym aýtmagyny görmegi arzuw edýärin» diýipdi. Gynansak-da, Roza Saparowna bu gün biziň aramyzda ýok. Emma şu agşam onuň arzuwy hasyl boldy: men dirižýor boldum, Leýli bolsa sahnada ajaýyp çykyş etdi.

Söhbetimize operanyň baş keşbini ýerine ýetiren Leýli Ökdirowa hem goşuldy:
– «Leýli we Mežnun» operasynda Leýliniň keşbini ýerine ýetirmek meniň üçin uly hormatdyr. Bu keşbi öz döwründe Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Roza Turaýewa, Gülnar Nuryýewa, Gözel Öwezowa ýaly beýik sungat ussatlary ýerine ýetiripdirler. Men hem şol belent derejä laýyk çykyş etmäge çalyşdym. Dogrusyny aýtsam, örän tolgunýardym.

Üç aý dowam eden taýýarlyk işleri aýdymçylary we sazandalary hakyky bir maşgala öwürdi. Sahnada konserwatoriýanyň üç talyby ilkinji gezek opera sungatynda çykyş edýän bolsalar-da, hemmämiz özümizi ynamly duýduk we ýokary ussatlyk bilen zähmet çekdik.
Men sahnadaky hyzmatdaşyma – Mežnunyň keşbini ýerine ýetiren Kadyr Esenowa tüýs ýürekden minnetdar. Ol öz wokal we artist ussatlygyny doly açyp görkezdi hem-de keşbini örän ýokary derejede ýerine ýetirdi. «Leýli we Mežnun» operasynyň üstünde alnyp barlan iş ýurdumyzyň opera wokal sungatynyň häzirki wagtda ýokary ösüş döwrüni başdan geçirýändigini aýdyň görkezdi.