Türkmenistanyň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde suratkeşler Natalýa Kalugina bilen Gennadiý Osipowyň bilelikdäki sergisi açyldy. Natalýa Kaluginanyň döredijilik maşgalasynda hemmeler, hatda 90 ýaşdan geçen eneleri Ýustina hem suratkeşlik bilen meşgullanýar. Natalýa Pawlownanyň we Gennadiý Osipowyň suratlary Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bar. Olaryň döredijilik eserlerini beýleki suratkeşleriň işleri bilen çalşyp bolmaýar.

Natalýa Kalugina türkmen tebigatynyň gözelligini özboluşly çeperçilik usulynda şöhlelendirýär. Onuň eserlerinde Gün şöhlesiniň täsiri, açyk sary we melewşe öwüşginleriň sazlaşygy aýdyň duýulýar. Suratkeşiň döredijiliginde impressionizm ugrunyň görnükli wekili Klod Moneniň çeperçilik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Gennadiý Osipowyň döredijiligi bolsa hyýaly sungata esaslanýar. Onuň daş-töweregi görüşi düýbünden başgaça. Sergide onuň esasy işi bolan «Düýş» atly eseri hyýaly görnüşiň kämil nusgasydyr. Onda üç gahryman bar: asman, daglar we suw. Suratyň ýokarky böleginde asman şaglawuk bilen utgaşyp, daşlara urulýan suw akymy kimin aşak akýar. Eseriň adyndan hem görnüşi ýaly, bu şekil hakyky tebigatdan däl-de, awtoryň düýşünde dörän täsirlerden ylham alýar. Daglar bilen suw Ýeriň ilkinji başlangyjyny, asman bolsa ony gurşap alýan giňişligi alamatlandyrýar.

Bu tema «Abstraksiýa» atly eserinde hem dowam etdirilýär. Onda asman, daglar we suw mämişi hem-de goýy goňur reňklerde şekillendirilip, Gün ýaşýan mahaly tebigatda döreýän täsin pursatlary beýan edýär.

Sergide «Abstraksiýa» ady bilen görkezilýän eserler az däl. Olaryň biri has aýratyn ünsi çekýär. Ak fonda goýy we açyk gyzyl reňkli erkin çyzgylar arkaly döredilen kompozisiýa hiç bir anyk şekili görkezmese-de, tomaşaçylary özüne çekip, olary uzak wagtlap synlamaga mejbur edýär.

Suratkeşiň «Şokolad» atly işi gündelik durmuşdaky adaty bir pursady sungatyň dili arkaly täzeçe açyp görkezýär. Eserde ereýän şokoladyň hereketi estetiki gymmatlyga eýe bolan çeper keşbe öwrülýär. Gennadiý Osipow bu pursady başgaça kabul edip, ony sungatyň özboluşly temasyna öwürmegi başarypdyr.

Serginiň aýratyn bölümini Gennadiý Osipowyň kompýuter grafikasy düzýär. Onda Eýfel diňi we Disneýlend galasy esasynda döredilen sanly eserler görkezilýär. Suratkeş bu ugur bilen çagalyk ýyllaryndan meşgullanyp, Türkmenistanda kompýuter grafikasynyň ösmegine mynasyp goşant goşan döredijileriň biri hökmünde tanalýar. 1999-njy ýylda Parižiň Disneýlendinde geçirilen çagalaryň arasyndaky küşt boýunça Dünýä çempionatyna ol Türkmenistanyň adyndan gatnaşdy. Ol grossmeýster derejesine ýetmedik hem bolsa, sport ussatlygyna dalaşgär derejesini gazandy. Gennadiý Osipow şol ýerde düşüren suratlaryny kompýuter grafikasy arkaly özgerdip, kosmiki gämä öwürýär. 2000-nji ýylda 18 ýaşdan uly gatnaşyjylar üçin onlaýn görnüşde Bütindünýä kompýuter grafikasy boýunça bäsleşik yglan edilýär we Gennadiý öz ýaşyny görkezmezden, 20 sany eserini iberýär. Onuň kosmos gämisi işi halkara bäsleşikde baýrak gazanyp, Türkmenistanyň adyny halkara derejesine çykardy.

Bir maşgala degişli iki suratkeşiň döredijilik garaýyşlary biri-birinden tapawutlansa-da, olaryň hersi öz ýoluny dowam etdirýär. Sergide Natalýa Kaluginanyň dürli döredijilik ugurlarynda ýerine ýetirilen «Baglar», «Gena gaýanyň üstünde» hem-de «Peýzaž» atly eserleri hem görkezilýär. Bu işler suratkeşiň täze döredijilik gözleglerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Iki suratkeşi birleşdirýän umumy zat bolsa, türkmen tebigy daşlaryndan şaý-sepleri ýasamakdyr. Natalýa Pawlowna zenan şaý-sepleriniň toplumy barada şeýle düşündiriş berýär: «Bu baýlyk biziň aýagymyzyň aşagynda ýatyr, diňe onuň gözelligini görüp bilmek we daşa täze ömür bermek gerek».

Sergi 9-njy iýula çenli dowam eder.


