Ï Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

view-icon 399
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak we ýaşlaryň ylmy-tehniki başlangyçlaryny goldamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. 2026-njy ýylda bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, «akylly» şäherler, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly möhüm ugurlar boýunça geçiriler.

Şeýle hem iň geljegi uly taslamalary milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak işine giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň jemlerini jemlemek hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy «Türkmentel – 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça yzygiderli we toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň ornunyň barha artýandygyny hem-de olaryň innowasion bäsleşiklere işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti «Sanly çözgüt – 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.