Ï Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy

view-icon 126
Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Teatr sahna bezeginiň gözelligi» diýen at bilen sergi guraldy. Oňa muzeýiň işgärleri, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu ýerde halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere bagyşlanan çyzgylary, nakgaş, grafika eserleri sergilendi.

Serginiň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde teatr ulgamynyň has-da ösdürilýändigini, ýurdumyzda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallarynyň sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe toplamagyna uly ýardam edýändigini bellediler.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebip», «Ene topragym», «Aýly gijäniň garaňkylygy», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym Işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we Kazy», «Magtymguly» operasy, «Hyjuwly ýürek», «Aýna» operasy ýaly birnäçe ajaýyp eserler bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.