Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary Pekinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary Pekinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

view-icon 102
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary Pekinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

29-njy iýundan 20-nji iýul aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary ýokary okuw mekdebiň mugallymynyň ýolbaşçylygynda Pekin şäherinde Hytaý nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligi geçýärler.

Türkmen talyplary üçin okuw-önümçilik tejribeligi Hytaý nebit uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) işleri bilen tanyşmak hem-de tejribelerini öwrenmek, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Türkmen talyplarynyň üç hepdelik okuwy hem-de önümçilik tejribeligi üçin Hytaý nebit uniwersiteti ýörite maksatnama taýýarlady. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň talyplary Hytaýyň nebit ýokary okuw mekdebi, onuň barlaghanalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen giňişleýin tanyşýarlar. Okuw saparynyň maksatnamasyna Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna hem-de onuň önümçilik desgalaryna baryp görmek girizildi.

Mundan başga-da, talyplar üçin «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti», «Ýaşyl» energetika, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi» hem-de «Ýüpek ýolunyň ugrunda energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri» atly mowzuklar boýunça gysga möhletli okuwlar guraldy.

Şeýle-de Türkmenistandan gelen myhmanlar üçin Hytaýyň geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylymlar we tehnologiýalar muzeýine hem-de Beýik Hytaý diwaryna gezelençler göz öňünde tutuldy.

Talyplar okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda bilim bermek işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjy usullary, bilimde emeli aňy ulanmagyň mümkinçilikleri, okamagyň häzirki zaman interaktiw usullary, ylmy-barlag işleriň guralyşy bilen tanyşýarlar, şeýle hem hytaýly talyplar we Hytaý nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen tejribe alyşýarlar.

Hytaýdaky tejribelik talyplara nazaryýetde alnan bilimleri iş ýüzünde berkitmek, hünär başarnyklaryny ösdürmek, ylym we bilim babatda iň oňat dünýä tejribesini öwrenmek hem-de okuw işinde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri berýär.

Talyplaryň hünär ýokarlandyryş okuwy şu ýylyň aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň Bilim ministrliginiň hytaý-daşary ýurt dilleri alyşmak we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Hytaý nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde guraldy.

Şeýle hem talyplar üçin tejribeligiň geçirilmegi 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy (CNPC) we Hytaý nebit uniwersiteti (Pekin) bilen gol çeken özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary arkaly göz öňünde tutulandyr.

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda bu ylalaşyklaryň esasynda taraplaryň arasynda işjeň we netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, şol gatnaşyklaryň çäklerinde türkmen talyplarynyň Hytaýa hünär ýokarlandyryş okuwlary, şeýle hem ylym we bilim häsiýetli beýleki dürli çäreler yzygiderli esasda geçirilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bilimiň, ylmyň we önümçiligiň bitewüligini gazanmak hem-de bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen dünýäniň akademiki giňişligine, dünýäniň ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri pudaklaýyn kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge işjeň gatnaşýar.