Ï «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 109

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýän žurnalda ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, kanun çykaryjylyk işiniň, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapýar.

Neşiriň täze sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Bu çykyşda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi hem-de sebitleýin ekologiýa gün tertibiniň möhüm meselelerine toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança hökmünde bu forumyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň taryhy-medeni ýakynlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhunyň şeýle gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilik açandygyny belledi.

Ekologiýa meselesi baradaky gürrüň döwlet Baştutanymyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen mejlisindäki çykyşynda-da öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Aral meselesiniň çölleşme, buzluklaryň eremegi hem-de serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ählumumy wehimler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip, Merkezi Aziýada durmuş-ykdysady abadançylygy, ylalaşygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üpjün etmegiň wajyp şerti hökmünde ekologik howpsuzlyga toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa wehimlerine milli çemeleşmeleriň sazlaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy hereketleriň düýpli güýçlendirilmegi baradaky pikiri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba alyp, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnama-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy tizleşdirmek teklip edildi. Munuň özi halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärler bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açar. Hormatly Prezidentimiz bu gaznanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr agentlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň ýurtlary bilen häzirki zaman geosyýasy we ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, iki düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamasyny bilelikde işläp taýýarlamak meselesine garamagy teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy hem neşiriň bu sanynda ýerleşdirilipdir. Onda ählumumy energetika howpsuzlygyny, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda Türkmenistanyň strategik garaýyşlary beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň forumda eden çykyşynda belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar. Şoňa görä, türkmen halkynyň Milli Lideri energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe anyk çäreleri teklip etdi. Bu ugurda möhüm çäreleriň hatarynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýär. Bu işleri ilerledip, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Neşiriň makalalarynyň köp bölegi ylym-bilim, ýaşlar syýasatyna bagyşlanandyr. “Ylym-bilim syýasaty: milli tejribe we hoşniýetli hyzmatdaşlyk” atly makalada ýurdumyzyň bu ulgamda gazananlary hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary açylyp görkezilýär. “Türkmenistanyň döwlet gullugynda ýaşlaryň orny”, “Talyp ýaşlary ylmy-barlag işlerine höweslendirmek” atly makalalarda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleriň mümkinçiliklerini doly açmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty öz beýanyny tapýar. “Merkezi Aziýada zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary” atly makala sebitde ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanýar. Onda Türkmenistanyň gender deňligi ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda kanunçylyk binýady beýan edilýär.

Okyjylaryň dykgatyna “Türkmenistanyň halkara bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk düzgünleşdirilişi” atly makala hem hödürlenilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda adamzat siwilizasiýasynyň depginli ösýän we bütin dünýäde ählumumylaşma hadysasynyň işjeň dowam edýän şertlerinde halkara bilim hyzmatdaşlygynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň zerurlygy äşgär duýulýar. Bu zerurlyk häzirki wagtda dünýäde ylmy we medeni alyşmalaryň, akademiki mobilligiň ösmegi, talyplary alyşmalaryň işjeňleşmegi, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine ýardam edýän beýleki birnäçe sebäpler bilen şertlendirilýär.

Žurnalyň şu sany däp bolan “Senenama” bölümi bilen jemlenýär.