Ï Türkmen okuwçylary Singapurda geçirilen halkara «Copernicus» olimpiadasynda 6 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen okuwçylary Singapurda geçirilen halkara «Copernicus» olimpiadasynda 6 medal gazandylar

view-icon 132
Türkmen okuwçylary Singapurda geçirilen halkara «Copernicus» olimpiadasynda 6 medal gazandylar

Singapurda matematika ugry boýunça geçirilen VII halkara «Copernicus» olimpiadasy üstünlikli tamamlandy. Bu abraýly halkara bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Türkmenistanly okuwçylar bu olimpiada ilkinji gezek gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.

Türkmenistanyň topary ilkinji çykyşynda 6 medala mynasyp boldy we okuwçylar 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar.

Mary şäherindäki «Belent bilim» okuw merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa altyn medala hem-de öz ýaş toparynda «Absolute Winner» diýen hormatly ada eýe boldy. Şeýle-de ol ýörite baýrak hökmünde «MacBook Air» kompýuteri bilen sylaglandy.

Kümüş medallara Mary şäherindäki «Belent bilim» okuw merkeziniň okuwçysy Dawut Muhammetnazarow, Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Geldimyrat Saryýew we Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Emirmuhammet Sabyrow mynasyp boldular.

Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Bagtyýarow hem-de 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Melike Begliýewa gazandylar.

«Copernicus» olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň bilimini, logiki pikirleniş ukybyny, çalt çözgüt kabul etmek başarnygyny hem-de ýokary derejeli meseleleri çözmek ussatlygyny görkezýän abraýly halkara intellektual bäsleşikleriň biridir.