Ï Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen halkara bäsleşikde I orun eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen halkara bäsleşikde I orun eýeledi

view-icon 83
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen halkara bäsleşikde I orun eýeledi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Sona Awişowa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy» halkara bäsleşiginde I orun eýeledi.

Ýaş alym özüniň netijeli ylmy-barlag we innowasion işleri, şeýle hem halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyny alan üstünlikli netijeleri üçin ýeňiji adyna we abraýly bäsleşigiň sylaglaryna mynasyp boldy.

«Bilim-orkenieti» Milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralan halkara bäsleşik Arkalaşygyň ýurtlaryndan gatnaşanlaryň arasyndan zehinli mugallymlary hem-de ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy dürli ylmy gözden geçirilişlerde ajaýyp üstünliklerini birnäçe gezek görkezdi. 2023-nji ýylda ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýurduň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy. Şeýle hem ozal Sona Awişowa «Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň orny» we «Dökün – bereketli hasylyň girewi» ýaly ylmy bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýeledi.

Häzirki wagtda ýaş alym galyndylardan alnan suwuk organomineral döküniniň gök önümleriň hasyllylygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Onuň bu ulgamda ylmy gözleglere bagyşlanan hem-de dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen köp sanly makalalary halkara bilermenleriň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.