Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 197

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mejlisde Keniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edilip, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamy has-da ösdürmek hem-de hökmany döwlet ätiýaçlandyryşy babatda kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde döwlet ätiýaçlandyryşy bilen bagly degişli Düzgünleriň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere hökmany döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Pagta ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary we pagta arassalaýjy kärhanalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalaryny hem-de dürli tehnikalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm we tekizlemek işleri, ekiş möwsümi üçin gerek bolan bugdaý tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär.

Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen suw howdanlaryna suw toplamak hem-de suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etmegiň, ýygnalan bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işlerini netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi bu öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga we önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda işleriň has-da netijeli bolmagy üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanyp, bökdençsiz işletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlaryny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, önümçiligi bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer bu işleriň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taýýarlanylan resminama gol çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sungat ussatlarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşik ýaş nesillerde sungat älemine söýgini döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.

Bäsleşigiň tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimizde ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.


Wise-premýer, daşary işler ministri, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň geçiren ýokary derejedäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredilendigini, hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäklerinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrandygy barada aýdyldy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyny daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri degişli ugurlar boýunça döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär. Bu Pudagara iş topar degişli daşary ýurt döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de halkara maliýe institutlaryň wekilleri bilen yzygiderli gepleşikleri geçirer. Şeýle hem Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça Sebit merkezini, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezini we beýleki halkara ekologik başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrar.

Şeýle hem Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek hem-de olara berilýän halkara goldawlary güýçlendirmek maksady bilen, ýokary derejeli sebitleýin we ählumumy maslahatlara, forumlara hem-de sergilere işjeň gatnaşmak, olaryň çäklerinde ugurdaş çäreleri geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryny ýa-da tanyşdyryş meýdançalaryny döretmek teklip edilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, täze hyzmatdaşlary çekmäge hem-de halkara maliýe we tehniki goldawlary giňeltmäge ýardam berer.

Bulardan başga-da, häzirki günde ählumumy howa gün tertibinde durýan esasy meseleleriň çözülmeginde Türkmenistanyň tutýan ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyň täze institusional görnüşi hökmünde Aşgabat Howa dialogyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada Howa tehnologiýalary boýunça hem-de Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Sebit merkezlerini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnama agzalan merkezleriň dolandyryş gurluşyny hem-de hyzmatdaşlyk gurallaryny öz içine alar. Bu merkezleriň geljekde sebit derejesinde öňdebaryjy hyzmatdaşlyk hem-de innowasiýa meýdançalaryna öwrülmegini üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly işleri dowam etmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ýokarda agzalan halkara başlangyçlaryň maliýe taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin BMG-niň degişli düzümleri, Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) we Uýgunlaşmak gaznasy (Adaptation Fund), şeýle hem halkara maliýe institutlary bolan Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebit we halkara derejesinde netijeli işleri alyp barýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gämi gurluşygyny ösdürmek hem-de milli flotumyzyň parkyny kämilleşdirmek we giňeltmek maksady bilen, täze gury ýük gämilerini gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň özi Hazar deňzinde döwletimiziň gämi gurluşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge hem-de daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.


Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.