Ï Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy hem şöhraty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy hem şöhraty

view-icon 133
Ahalteke bedewi – türkmeniň buýsanjy hem şöhraty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ahalteke bedewlerimiz tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, gözelligi, ýyndamlygy, akyllylygy, mertligi, wepalylygy bilen dünýä gymmatlyklarynyň hataryna girdi.

Türkmen halkynyň bedewlere bolan hormaty juda uludyr. Bedewleriň waspy edebiýatymyzda hem uly orun eýeleýär. Müňýyllyklary aşan ertekiler, dessanlar, rowaýatlar, şygyrlar, taryhy hakykatlar – behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleriň haýsy birini alyp görsegem, bedewiň ynsanyň çyn dostudygy, alysy ýakyn edýän, kyn gününde ýeke goýmaýan hemrasydygy teswirlenýär. Gahryman Arkadagymyz hem özüniň dünýä edebiýatynyň gymmatly eserlerine öwrülen işleriniň birnäçesini behişdi bedewlerimize bagyşlady.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eserleri türkmeniň bedewine bagyşlanan eserleridir. Bu çuňňur manyly kitaplar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, her bir okyjynyň ýankitabyna, atşynaslaryň we alym-professorlaryň gymmatly gollanmasyna öwrüldi. Bu eserler türkmen bedewleriniň şöhratly ýollaryny, taryhyny, gelip çykyşyny, dünýä ýüzündäki belent şöhratyny wasp edýär. Olarda türkmenleriň taryhynyň atlar bilen neneňsi ysnyşykly arabaglanyşyklydygy hem-de bu arabaglanyşygyň milletiň ykbalyny neneňsi kesgitländigi, onuň häsiýetine neneňsi täsir edendigi barada pikir ýöredilýär.

Örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk, ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglylydygynda ýüze çykýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle nygtaýar: «Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr. Ine, hut şonuň üçin hem ynsanyň we atyň söýgüsiniň hem-de dostlugynyň taryhy örän gyzyklydyr. Bu taryh 5 müň ýyl mundan öň başlanyp, häzir hem dowam edýär. Bu taryh biziň üçin dürli eýýamlaryň köp sanly şaýatnamalarynda we ýazgylarynda, türkmen halkynyň mifologik döredijiliginde, onuň eposlarynda we rowaýatlarynda saklanyp galypdyr. Biziň günlerimiziň dürli monografiýalary we ylmy barlaglary ahalteke bedewlerine bagyşlanýar».

Görşümiz ýaly, alym Arkadagymyz bu jümle bilen ahalteke bedewleriniň taryhynyň bäş müň ýyla çenli uzaýandygyny tassyklaýar hem-de olara degişli ylmy, taryhy maglumatlary umumylaşdyrýar we kadalaşdyrýar. Kitapda bu ylmy garaýyş gadymy alymlar Ksenofontyň, Gomeriň, Gerodotyň, Appianyň, Strabonyň, Plutarhyň getirýän maglumatlarynyň, Altaýda, Änewde, Altyndepede, Namazgadepede, Jeýtunda, Marguşda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylaryň, Orhon-Ýeniseý hem-de Hytaýyň, Hindistanyň, Müsüriň, Wawilonyň, Gresiýanyň, Rimiň gadymy ýazgylarynyň, Hett şalygynyň traktatynyň, türkmen eposlarynyň we beýleki taryhy çeşmeleriň üsti bilen anyk delillendirilýär.

Behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda aýdan şu sözlerine ünsi çekmeli: «Türkmen atyna iň gadymy döwürde «Nusaý atlary» ýa-da «Asman atlary», «Behişdi bedewler» diýipdirler. Alymlar türkmen atynyň özge tohumlardan düýpgöter üýtgeşikligini, onuň dünýäde gadymyýetden bäri diňe Türkmenistanyň çäginde ýaşap gelýän gulanlardan gelip çykandygy bilen baglanyşdyrýarlar. «Gorkut atada» türkmenler-oguzlar öz atlaryna argun diýýärler. «Türki dilleriň diwanynda» argamak sözi köp ulanylýar. Türkmen dilini bilýän adam üçin bu sözleriň manysy aýdyňdyr: bu tohum, arassa at diýmekdir».

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda hem türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda, diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşman, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda: «Aba: «Bedewe «haýwan», «mal» diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir» diýerdi», diýip belläp geçýär. «Döwlet guşy» romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahatyny şeýle ýatlaýar: «...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret ahyryn. Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a ol».

Görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly işlerinde olaryň gadymylygy, arassa ganly tohumdygy, özboluşly aýratynlyklary, dünýä siwilizasiýasynda eýeleýän orny we beýleki gymmatly maglumatlar çeper beýan edilýär. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan we dünýä siwilizasiýasynyň deňi-taýy bolmadyk gymmatlygy hasaplanýan behişdi bedewlerimizi ýetişdirmekde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerini dowam edýän, bütin dünýäde olaryň şöhratyny artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýan, ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we dünýä ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!