Ï Täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 365
Täze okuw kitaplary neşir edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplarynyň awtorlary boldular. Täze neşirler Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň goldawy bilen çapa taýýarlanyldy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň çaphanasynda neşir edildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň weterinar lukmançylygy fakultetiniň epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň müdiri, weterinariýa ylymlarynyň doktory, dosent Töre Garlyýewiň awtorlygynda «Maldarçylykda we weterinariýada zähmeti goramak» atly okuw kitaby neşir edildi.

Okuw kitabynyň 9 bölüminde maldarçylyk we weterinariýa pudagynda zähmeti goramagyň aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Onda weterinariýa-sanitariýa çäreleriniň geçirilmegi, patologo-anatomik işleriň ýerine ýetirilişi, maglumatlaryň toplanmagy, iým taýýarlanylanda we mehanizmler bilen işlenilende howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi, önümçilik sanitariýasy hem-de zähmet arassaçylygy baradaky meseleler öz beýanyny tapýar. Şeýle hem maldarçylyk toplumlarynda ýangyna garşy howpsuzlyk çäreleri, önümçilikde ýüze çykýan dürli ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek usullary we beýleki möhüm ugurlar giňden düşündirilýär.

Bu okuw kitaby weterinariýa, atçylyk, zootehniýa hünärlerinde bilim alýan talyplar üçin niýetlenip, maldarçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Şeýle hem uniwersitetiň mugallymlary Arazgeldi Mollaýew, Aýyt Annaýew, Rejep Berdinyýazow we Kadyr Myradowyň awtordaşlygynda «Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň ulanylyşy» atly okuw kitaby taýýarlanyldy.

Okuw kitaby «Maşynlaryň ygtybarlylygy we onuň esasy görkezijileri», «Maşynlaryň tehniki hyzmaty», «Maşynlaryň iş düzgünleri we öndürijilikleri», «Maşynlaryň ulanylyşynyň guramaçylyk esaslary», «Maşynlaryň tehniki hyzmatyny guramak» atly 5 esasy bölümden ybaratdyr.

Neşirde melioratiw we gurluşyk maşynlarynyň dogry ulanylmagy, meýilleşdirilen hem-de ätiýaçlyk tehniki hyzmat ulgamlary, tehnikalaryň ygtybarly we uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün etmegiň usullary, olaryň görnüşleri, tehniki häsiýetnamalary, näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň sebäpleri we beýleki möhüm maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.

Okuw kitaby melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýurdumyza iberýän häzirki zaman kuwwatly tehnikalarynyň ulanylyşy we tehniki hyzmaty bilen meşgullanýan hünärmenler üçin niýetlenendir.

Mugallymlar Leýla Ergeşowa, Hojadurdy Nurgeldiýew we Amannepes Amannepesowyň awtorlygynda taýýarlanan «Oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek» atly okuw kitaby hem neşir edildi.

Okuw kitabynda «Et önümlerini gaýtadan işlemek», «Guş önümlerini gaýtadan işlemek», «Süýt önümlerini gaýtadan işlemek», «Ösümlik ýagy», «Miweleri, gök önümleri saklamak hem-de gaýtadan işlemek», «Dänäni gaýtadan işlemek» atly 6 bölüm ýerleşdirilipdir. Şeýle hem kitapda ulanylan adalgalaryň, gysgaltmalaryň we düşünjeleriň düşündirişlerini öz içine alýan sözlük ýerleşdirilipdir.

Kitabyň materiallary oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek, bu ugurda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ulanmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, gaýtadan işleýän kärhanalaryň işini guramak, zerur hasaplamalary geçirmek, ykdysady görkezijileri seljermek, öndürilýän önümleriň hilini hem-de adam saglygy üçin howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler boýunça giňişleýin düşünje berýär.

Täze okuw kitaby degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplar, agrar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin peýdaly gollanma bolar.