Ï Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler

view-icon 402
Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler

14-nji iýuldan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde tejribelik geçýärler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri üçin «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen okuw merkezi tarapyndan 2 hepdelik okuw we 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş tapgyryny öz içine alýan ýörite bilim maksatnamasy taýýarlandy. Maksatnama laýyklykda, talyplar we mugallymlar nebitgaz pudagynda täze tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy we ulanylmagy, emeli aňyň, sanly ulgamlaryň hem-de gurallaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaly ugurlar boýunça sapaklara gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň wekilleri «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetindäki okuw işiniň guralyşy, barlaghanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işi, şeýle hem nebitgaz kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlary bilen tanyşýarlar.

«Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetindäki okuw we önümçilik tejribesi türkmen talyplarynyň nazary bilimlerini baýlaşdyrmaga hem-de hünär endiklerini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Türkmen mugallymlary üçin guralýan hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary bolsa, olara dünýäniň öňdebaryjy tejribesini geljekde öz mugallymçylyk işlerinde yzygiderli ulanmaga mümkinçilik döredýär.

«Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy, Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersiteti we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ylym we bilim ulgamlarynda birnäçe ýyl bäri özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

2024-nji ýylda taraplar bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini giňeltmek maksady bilen özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama gol çekdiler. Şol resminamanyň esasynda häzirki wagtda möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar we ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar, bilim çäreleri geçirilýär. Şeýle hem türkmen talyplary we mugallymlary üçin Malaýziýada yzygiderli tejribelikler, «Petronas» kompaniýasynyň uniwersiteti tarapyndan guralýan tematik onlaýn okuwlar, okuw maslahatlar we beýleki duşuşyklar geçirilýär.