Ï Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar

view-icon 77
Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar
Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar
Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar
Özbegistanyň senagatçylary Türkmenistanyň gurluşyk bazaryna çykmaga taýýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi. Bu çäre iki goňşy döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Foruma degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de iki ýurduň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň maksatnamasynyň esasy wakasy gurluşyk we senagat pudaklarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlanan mejlis boldy. Maslahatlaşmalaryň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gurluşyk materiallaryny we senagat enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjy tejribäni alyşmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylarda täze bazarlary özleşdirýän özbek işewürleriniň çykyşlary uly gyzyklanma döretdi. Hususan-da, Özbegistanyň «Pipe Metal» kärhanasynyň wekili Alişer Abdurahmanow integrasiýanyň we söwda hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy.

«Biz diňe bir goňşy däl, eýsem, dogan halklardyrys. Kärhanamyz 2022-nji ýylda döredildi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda taýýar önümleriň satuw möçberini aýda 20 müň tonna çenli ýetirmegi başardyk» diýip, A.Abdurahmanow belledi.

Ol kärhananyň önümçiliginiň ýokary tehnologik derejede ýola goýlandygyny aýtdy. Rulon görnüşindäki metal çig mal önümleri Russiýa Federasiýasyndan we Gazagystandan getirilýär. Özbegistanda şol çig maldan ýokary hilli elektrik kebşirlenen, suw-gaz geçiriji we profil turbalary, dürli görnüşli polat önümleri hem-de gyzgyn togalanan polat ýapraklary öndürilýär. Kärhananyň ähli önümleri degişli döwlet standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr.

Häzirki wagtda «Pipe Metal» kompaniýasy Täjigistan we Gazagystan bilen durnukly söwda gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk bolsa başlangyç tapgyrda bolup, ýakynda ilkinji metal önümleri üstünlikli iberildi.

Özbek tarapynyň wekiliniň bellemegine görä, Türkmenistan senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň giň gerimde gurulýan, ýokary ykdysady ösüş depginlerini görkezýän ýurt. Bu bolsa ýokary hilli gurluşyk materiallaryna bolan islegi ep-esli artdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, A.Abdurahmanow hyzmatdaşlygyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hökmünde geografik ýakynlygy görkezdi. Bu ýagdaý logistika çykdajylaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Özbek işewüri açyk dialoga, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga hem-de metal önümleriniň yzygiderli iberiliş möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem ol metal önümleriniň üpjünçiliginiň giňeldilmeginiň iki ýurduň gurluşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjakdygyna we Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.