Ï Gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

view-icon 64
Gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2026-njy ýylyň 3-4-nji noýabrynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda daşary ýurtly wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleri, üstaşyr ýük daşamalarynda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, taraplar Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň, şeýle hem gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada pikir we tejribe alyşdylar. Şeýle hem geljekde özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maslahaty halkara deňiz portlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük daşamalarynda gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýük howpsuzlygyny üpjün etmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.