Türkmenistanda ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Ýer gurluşygynda statistika» atly täze okuw kitaby neşir edildi.
Okuw kitabynyň awtorlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Maral Nazarowa, Maýa Myradowa we Şöhrat Wekilowdyr.
Täze neşir Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çapa taýýarlanyldy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda neşir edildi. Okuw kitaby giriş bölüminden we «Statistika ylmynyň predmeti we usullary», «Ýer we onuň peýdalanylyşynyň statistikasy», «Ekin meýdanlarynyň statistikasy», «Hasylyň we hasyllygyň statistikasy», «Maldarçylygyň statistikasy», «Oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň we sarp etmegiň statistikasy» ýaly 10 sany tematik bölümden ybaratdyr.
Kitabyň awtorlary okuw dersiniň mazmunyny giňişleýin beýan edýärler. Neşirde oba hojalyk maglumatlarynyň esasynda ýer gurluşygynda bolup geçýän hadysalaryň ykdysady-statistik seljermesi jikme-jik açylyp görkezilýär. Şeýle hem statistika ylmynyň umumy ýörelgeleri, usullary we nazary esaslary giňişleýin düşündirilýär.
Okuw kitaby Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna, şeýle hem statistika ulgamyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Täze neşir oba hojalyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar, agrar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle-de ýurdumyzyň agro-senagat toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin gymmatly gollanma bolar.
Ozal S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen üç sany täze okuw kitabynyň awtorlary bolandyklary barada habar berlipdi.