Ï Türkmen türgenleri ýedi aýyň dowamynda 471 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri ýedi aýyň dowamynda 471 medal gazandylar

view-icon 63
Türkmen türgenleri ýedi aýyň dowamynda 471 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 471 medal gazanmagy başardylar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-njy ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda yzygiderli işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň türgenleri iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanyp, diňe iýul aýynda 56 medal eýelediler. Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda milli ýygyndy toparyň gazananlary 471 medala ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda hem-de sport pudagynda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, lukmançylygy yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.