Ï «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» neşir edildi

view-icon 117
«VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary üçin «VII – X synplarda fizikadan sapak ýazgylaryny taýýarlamak boýunça usuly gollanma» atly täze neşir çap edildi.

M.Ýarbazow, M.Amanow, G.Gurbanow we O.Mämmetgulyýewa tarapyndan taýýarlanan bu gollanma fizika mugallymlaryna sapaklary taýýarlamak we olary geçirmek, häzirki zaman mugallymçylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, okuwçylaryň ylmy-barlag başarnyklaryny ösdürmek hem-de bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça amaly goldaw bermäge gönükdirilendir.

Gollanma girişden, dört sany tematik babyndan we goşundylardan ybaratdyr. Onda VII – X synplar üçin fizika okuw maksatnamasynyň ähli temalary boýunça sapak işlenişleri, şeýle hem amaly meseleleriň çözgütleriniň nusgalary ýerleşdirilendir.

Neşir «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» hem-de bilim işini guramagyň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Täze usuly gollanmanyň mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, fizika sapaklaryny has gyzykly, mazmunly we döwrebap derejede guramaga netijeli goşant goşmagyna garaşylýar.