Ï Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklary giriziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklary giriziler

view-icon 88
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkara hukugy we BMG-niň Tertipnamasy boýunça ýörite okuw sapaklary giriziler

Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli bilim maksatnamasy hereket edip başlar.

Ylym-bilim çäreleriniň toplumy barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. Bu başlangyç ýaş nesliň halkara hukugynyň esaslaryny we BMG-niň iş mehanizmlerini çuňňur öwrenmegine gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklary, açyk leksiýalary we duşuşyklary guralar.

Milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny neşir etmek, elektron bilim serişdelerini emele getirmek göz öňünde tutulýar. «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi meýilleşdirilýär.