Ï Türkmenistan BMG bilen bilelikde 2028-nji ýyl üçin halkara çäreleriň senenamasyny işläp taýýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG bilen bilelikde 2028-nji ýyl üçin halkara çäreleriň senenamasyny işläp taýýarlar

view-icon 143
Türkmenistan BMG bilen bilelikde 2028-nji ýyl üçin halkara çäreleriň senenamasyny işläp taýýarlar

Türkmenistan we BMG-niň Sekretariaty BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda Halkara hukuk ýyly diýlip yglan edilen 2028-nji ýyl üçin halkara hukuk wakalarynyň bir bitewi senenamasyny işläp taýýarlar. Halkara hukuk ýylynyň açylyş dabarasy BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiriler. Bu meýilnamalar barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasynyň 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda ýörite çäreler we ýokary derejeli duşuşyklar iri halkara merkezlerinde, şol sanda Ženewada we Wenada geçiriler. Senenama Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyn özara gatnaşykda işlenip düzüler.

Bu teklipleriň amala aşyrylmagy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berkitmäge, BMG-niň ýörelgeleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, parahatçylygyň, ynamyň we özara düşünişmegiň ählumumy medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir.