Ï Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmek boýunça Milli hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmek boýunça Milli hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanylar

view-icon 132
Türkmenistanda 2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmek boýunça Milli hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanylar

Türkmenistanda 2028-nji ýylda geçiriljek Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýörite Pudagara iş toparyny döretmek hem-de 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen täze Kararnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasy işlenip taýýarlanylar. Resminama Türkmenistanyň çäginde we halkara derejede amala aşyryljak syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni hem-de maglumat çäreleriniň giň toplumyny öz içine alar. Meýilnamada her bir çäräniň geçiriljek möhletleri, ýerine ýetiriji jogapkär düzümler hem-de garaşylýan netijeler anyk kesgitlener.

Şeýle hem Pudagara iş topary dörediler. Onuň düzümine esasy ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň we ylmy edaralaryň wekilleri girizilip, meýilleşdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişini utgaşdyrmak we gözegçilik etmek wezipesi ýükleniler.

Toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.