«Arkadag» futbol topary yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän topar Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda «Ahal» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu üstünligi gazandy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan 2005-nji ýylda esaslandyrylan Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk her ýyl ýurduň çempiony bilen Kubogynyň eýesiniň arasynda geçirilýär. Geçen möwsümde «Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogynyň ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy. «Ahal» topary bolsa ýurduň Kubogynyň finalçysy hökmünde Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyga gatnaşdy.
Milli derejede üçünji ähmiýetli baýrak ugrundaky duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Duşuşykdaky hasaby 19-njy minutda Rahman Myratberdiýew açdy. Ikinji ýarymda üç gezekki Türkmenistanyň çempionynyň artykmaçlygyny 57-nji minutda Begenç Akmämmedowyň we 79-njy minutda Şanazar Tirkişowyň geçiren gollary berkitdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredildi. Topar ilkinji möwsüminde hem Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy. Şeýle hem döredilen gününden bäri milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda heniz bir utuk hem ýitirmedi. Soňky iki möwsümde bolsa topar ýurduň çempionlygy, Kubogy we Naýbaşy Kubogyny gazanyp, üç baýragyň eýesi boldy. Indi bolsa yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy.
Bu üstünlige «Arkadag» toparyny toparyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi, 2003/04 möwsümde Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogynyň, 2013-nji ýylda bolsa «Balkan» topary bilen AFK-nyň Prezident Kubogynyň eýesi bolan Wladimir Baýramow alyp geldi. Gyzykly tarapy, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň geçirilen güni onuň 46 ýaşy doldy.
Geçen ýylyň maý aýynda «Arkadag» topary Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň kubogyny gazanypdy. Finalda topar Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýle hem sentýabr aýynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2025/26 möwsüminde ilkinji gezek çykyş edip, utulan-çykdy tapgyryna çenli baryp ýetdi. 1/8 final duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyndan iki gezek hem 0:1 hasabynda utuldy.
Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky bu duşuşyk «Arkadag» topary üçin 2026/27 möwsümdäki AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda 12-nji awgustda Hindistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi «Goa» toparyna garşy geçiriljek öz meýdançasyndaky oýnunyň öňüsyrasynda möhüm synag boldy. Bu duşuşykda ýeňiş gazanylsa, Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýene-de AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder. Ýeňliş ýagdaýynda bolsa, topar halkara möwsümini Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.