Türkmenistanly karateçiler Gazagystanyň Aktau şäherinde WKF görnüşindäki karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň ikinji gününde ýene-de 9 medal gazandylar. Olaryň hasabyna 2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal goşuldy. Ähli baýraklar ýaşlaryň arasynda kumite (tutluşyk) ýaryşlarynda gazanyldy.

Altyn medallara Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Safiýa Nazarowa hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Leýli Hommatmyradowa mynasyp boldy. Safiýa Nazarowa 12–13 ýaşly gyzlaryň arasynda 47 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýeňiji boldy. Leýli Hommatmyradowa bolsa 10–11 ýaşly gyzlaryň arasynda 36 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip çempionlyk gazandy.

10–11 ýaşly oglanlaryň arasynda 45 kilogramdan ýokary agram derejesinde Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Emir Gurbanow kümüş medaly eýeledi. Şol ýaş toparynda ýene iki kümüş medaly Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Gülaýym Döwletowa (32 kilograma çenli) hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Babageldi Myradow (40 kilograma çenli) gazandy.

Bürünç medallara bolsa 10–11 ýaşly oglanlaryň arasynda 40 kilograma çenli agram derejesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şamuhammet Hojaýew, 12–13 ýaşlylaryň arasynda Aşgabat şäherindäki 106-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kasym Hallyýew (40 kilograma çenli), Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Muhammetaly Atdaýew (50 kilograma çenli) hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Anara Baratowa (47 kilograma çenli) mynasyp boldular.

Ozal çempionatyň ilkinji gününde türkmen karateçileri kata (tehniki hereketleriň toplumy) ugry boýunça 4 medal – 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar.

WKF görnüşindäki karate boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatyna Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 500-e golaý türgen gatnaşýar. Olar ýaşlar, ýetginjekler we ulular toparlarynda kata hem-de kumite görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşýärler.

Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlarda baş tälimçi Aýdyň Çaryýewiň, onuň kömekçisi Esenbaý Ýazmedowyň hem-de milli tälimçiler Maksat Atdaýew bilen Serdar Muhammetnazarowyň ýolbaşçylygynda çykyş edýär.


