Ï Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar

view-icon 67
Türkmen karateçileri Aktau şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda 21 medal gazandylar

Türkmen türgenleri Gazagystanyň Aktau şäherinde tamamlanan karateniň WKF görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň 11-nji çempionatynda dürli derejeli 21 medaly gazandylar.

Ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 421 karateçi gatnaşdy. Olar ýetginjekleriň, ýaşlaryň we uly ýaşlylaryň arasynda kata (görkezme maşklaryň toplumy) hem-de kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler.

Üç gün dowam eden ýaryşyň netijeleri boýunça watandaşlarymyz 4 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medal gazandylar.

Mälim bolşy ýaly, ýaryşyň ilkinji gününde tälimçiler Aýdyn Çaryýewiň, Esenbaý Ýazmedowyň, Maksat Atdaýewiň we Serdar Muhammetnazarowyň şägirtleri ýaryşyň kata görnüşi boýunça 4 medal (1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç), ikinji günde kumite görnüşi boýunça 9 medal (2 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç) eýelediler.

Çempionatyň jemleýji gününde karateçilerimiz tutluşyklarda 1 altyn, 3 kümüş hem-de 4 bürünç medala mynasyp bolup, toparymyzyň gazanan medallarynyň sanyny ýene 8 baýrak bilen artdyrdylar.

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew çykdy, ol 14 – 15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde birinjiligi eýeledi.

Şu ýaş derejesinde we agramda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Remezan Gurbanow kümüş medala mynasyp boldy. Has uly ýaş toparynda 16-17 ýaşly ýaşlaryň arasynda edil şeýle üstünligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew (55 kilograma çenli) hem-de Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Diana Gorinowa (66 kilograma çenli) gazandylar.

14 – 15 ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysyna bürünç medallary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Remezan Orazmämmedow (57 kilograma çenli) we Aşgabat şäherindäki 62-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nurana Amandurdyýewa (61 kilogramdan ýokary) getirdiler. 16 – 17 ýaşly ýaşlaryň arasynda bolsa Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annaoraz Azadow (68 kilograma çenli) bürünç medala eýe boldy. Ýene bir bürünç medaly uly ýaşlylaryň bäsleşiginde has agyr agramda (84 kilogramdan ýokary) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl talyby Arslan Babanazarow gazandy.

2026-njy ýylyň Merkezi Aziýa çempionatynda karateçilerimiziň gazanan bu üstünligini olaryň tälimçileri – Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyn Çaryýew, onuň kömekçisi Esenbaý Ýazmedow we milli tälimçiler Maksat Atdaýew bilen Serdar Muhammetnazarow paýlaşýarlar.

36 türgenleri bilen çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndysy Täjigistanyň (3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç) we Özbegistanyň (1 altyn, 1 kümüş we 7 bürünç) toparlaryndan öňe geçip, medallar hasabynda dördünji orny eýeledi. Ilkinji üçlüge Gazagystan (41 altyn, 43 kümüş we 72 bürünç), Eýran Yslam Respublikasy (8 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç) hem-de Gyrgyzystan (6 altyn, 7 kümüş we 11 bürünç) girdi.