Ï «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi

view-icon 83
«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi.

Okuw kitabynyň awtorlary Ç.Mämmedow, H.Işankulyýew, B.Hallyýew we B.Orazgeldiýew bolup durýar.

Neşirde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary, agrar ylmynyň gazananlary, önümçiligiň öňdebaryjy usullary, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ösümlikleri iýmitlendirmek, daşky gurşawy goramak babatdaky iň täze çemeleşmeler giňişleýin beýan edilýär.

Okuw kitabynda Türkmenistanyň esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny, şalyny, ýeralmany, dänelik we ot-iýmlik mekgejöweni, ýorunjany hem-de aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryna aýratyn orun berilýär. Şeýle-de ylmy işläp düzmeleri oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak, pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin şöhlelendirilýär.

Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň kitaphana gorlarynyň üstüni ýetiren bu täze okuw kitaby talyplar, mugallymlar, ylmy işgärler, pudak hünärmenleri, daýhan birleşikleriniň agzalary, kärendeçiler hem-de oba hojalygynda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary bilen gyzyklanýan okyjylar üçin gymmatly gollanma bolar.