Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Forum Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Çykyşda esasy üns zenanlary göwrelilik döwründe, dogum we dogumdan soňky döwürde ýokary hilli maslahatlar hem-de amaly goldaw bilen üpjün etmegiň ähmiýetine gönükdirildi.
«Hakykatdan-da, ene süýdi bilen iýmitlendirmäge maýa goýmak milletiň geljegine maýa goýmakdyr. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär, has sagdyn we öndürijilikli jemgyýetiň kemala gelmegine goşant goşýar» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.
Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamyny berkitmek we ösdürmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Amaly ädimleriň hatarynda ýerli eneleriň gatnaşmagynda «deňe-deň» ýörelgesi boýunça maslahatlary guramak teklip edildi. Gaznanyň wise-prezidentiniň pikirine görä, şeýle jemgyýetçilik işjeňligini alyp barjak eneleri ähli sebitlerde yzygiderli taýýarlamak işini ýokary hünär derejeli şepagat uýalary we laktasiýa boýunça hünärmenler amala aşyryp bilerler.
Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda giň gerimli maglumat-düşündiriş çäresini geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu çäräniň maksady jemgyýetçilige ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini giňden düşündirmek, şeýle hem ýerli işewürligi ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneler üçin amatly şertleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
«Şunda ýene-de berk erk-isleg we işe ygrarlylyk zerurdyr. Geliň, çagalaryň abadançylygy ugrunda bilelikde işläliň, ol bolsa enäniň süýdi bilen başlanýandyr!» diýip, Oguljahan Atabaýewa sözüni jemledi.