Ï Möwsüme taýýarlyk – üstünligiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möwsüme taýýarlyk – üstünligiň girewi

view-icon 76
Möwsüme taýýarlyk – üstünligiň girewi

Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri hasaplanylýan pagtanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem gowaçanyň bol hasylyny kemala getirdiler. Häzirki wagtda welaýatyň ähli etraplarynda gowaçanyň ujuny çyrpmak işleriniň tamamlanandygyny we pagta ýygym möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülýändigini belläp geçmek bolar.

Welaýatyň pagtaçy daýhanlary şu möwsümde 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda welaýatyň etraplarynda bar bolan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 38-sinde, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11 sanysynda pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Harmanhanalaryň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň ählisinde elektron terezileri oturdylyp, olar döwlet standartlary gullugynyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmäge taýýar edilipdir.

Welaýatyň iň uly pagta arassalaýjy kärhanasy – Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna pagtany täzeden işlemäge niýetlenen Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlykly gelinendigini bellemek bolar. Bu ýerde pagta hasylyny kabul etmäge niýetlenen tehnikalaryň ählisi gözden geçirilip, taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Şonuň bilen birlikde, welaýatyň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigi hem-de onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalary tarapyndan ýokary öndürijilikli, kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlar tehniki taýdan gözden geçirlip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Şeýle hem ýygym döwründe ýygnalan pagta hasylyny pagta kabul ediş harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalara daşamak üçin tehnikalar – awtoulaglar, traktorlar we olaryň tirkegleri gözden geçirilipdir. Möwsümde tehniki hem-de ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini-de belläp geçmek möhümdir. Jogapkärli möwsümiň öň ýanynda welaýatda alnyp barylýan guramaçylyk işleri Gündogar sebitiň pagtaçy daýhanlarynyň ýetişdirilen bol pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap, bellenilen sepgide ýetjekdiklerine bolan ynamyňy berkidýär.