Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda owgan tarapy iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň umumy medeni we ruhy gymmatlyklara, şeýle hem türkmen we owgan halklarynyň taryhy kökleriniň ýakynlygyna esaslanýandygyny nygtady.
Abdul Gani Baradar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam berýändigini belledi hem-de Türkmenistanyň owgan tarapyna yzygiderli berýän ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.