Ï Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldylar

view-icon 160
Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras 2026» ekspedisiýasyna goşuldylar

10-njy awgustda Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki mirasy – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýa badalga aldy. Taslama Altaý döwlet uniwersiteti (ADU) tarapyndan Altaý we türkologiýa ylmy-bilim merkeziniň çäginde durmuşa geçirilýär.

Şu ýylky ekspedisiýanyň aýratynlygy gatnaşyjylaryň geografiýasynyň ep-esli giňeldilmegidir. Alymlar toparynyň düzümine Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan alymlar, ilkinji gezek bolsa Türkmenistanyň etnograflary hem goşuldy.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranty Aýna Baýmyradowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew wekilçilik edýär. Türkmenistanyň hünärmenleri türkmen halkynyň etnografiýasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça işjeň ylmy işler alyp barýarlar we Altaý halklarynyň milli medeniýeti bilen etnomedeni meňzeşlikleri ýüze çykarmagy maksat edinýärler.

Ekspedisiýanyň ugry Altaý ülkesiniň we Altaý Respublikasynyň çäklerini öz içine alýar. Alymlar sebitleriň ýerli etniki toparlarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň, altaýlylaryň we telengitleriň däp bolan durmuş-medeni aýratynlyklaryny hem-de halk döredijiligini öwrenýärler.

Ylmy-barlag topary ýola düşmezinden öň ADU-nyň rektory Sergeý Boçarow alymlar bilen duşuşyp, taslamanyň ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady:

– Meýdan barlaglary türki halklarynyň taryhynyň we medeniýetiniň obýektiw keşbini döretmegiň esasy bolup durýar. Arheologlaryň we etnograflaryň toplaýan maglumatlary halklaryň janly medeniýetini öwrenmäge, Altaý we Merkezi Aziýa halklarynyň däp-dessurlaryndaky umumy aýratynlyklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin siziň işiňiz örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär – dostlugy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Alymlaryň wezipesi halklary birleşdirmekdir, sebäbi biziň gözbaşlarymyz umumydyr – diýip, Sergeý Boçarow aýtdy.

Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, ADU-nyň Taryh we halkara gatnaşyklary institutynyň direktory Iwan Nazarowyň aýtmagyna görä, Altaý türki halklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Altaýyň we Merkezi Aziýanyň häzirki türki dilli halklarynyň köpüsi Altaýy özleriniň taryhy watany hökmünde kabul edýär.

– Etnografiýa ylmy hojalykda, ýaşaýyş jaýlarynda, egin-eşiklerde, iýmitde, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, garyndaşlyk adalgalarynda we ynançlarda saklanyp galan medeni hadysalaryň üsti bilen bu baglanyşyklary yzarlamaga mümkinçilik berýär. Hut şu ýagdaý hem dürli ýurtlaryň alymlary üçin ekspedisiýa taslamamyzy özüne çekiji edýär – diýip, Iwan Nazarow belledi.

Meýdan işleriniň başlanmagy ýerli halklaryň halkara güni bilen gabat geldi. Ugruň ilkinji nokady Biýsk şäherindäki kumandinler jemgyýeti boldy. Jemgyýetiň ýolbaşçylary we ýaşululary ekspedisiýa gatnaşyjylary üçin oda tagzym etmek däbini ýerine ýetirdiler, etno-merkeze gezelenç guradylar we alymlara milli tagamlary hödürlediler.

Soňra ekspedisiýanyň ugry Altaý Respublikasynyň Turoçak etrabynyň üstünden geçer. Bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň Demirgazygynyň, Sibiriň we Uzak Gündogarynyň ýerli az sanly halklarynyň wekilleri ýaşaýarlar. Ust-Kan we Ust-Koksa etraplarynda etnograflar günorta altaýlylaryň milli medeniýetiniň elementlerini ýazga geçirmäge aýratyn üns bererler.

On günlük meýdan barlaglarynyň dowamynda guramaçylar Altaý halklarynyň milli medeniýetiniň durnuklylygyny görkezýän özboluşly maglumatlar toplumyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Toplanan maglumatlar Merkezi Aziýanyň beýleki halklary bilen etnomedeni gatnaşyklary ýüze çykarmak üçin esas bolup, birnäçe ylmy neşirlerde öz beýanyny tapar.

Taslama Russiýanyň Geografik jemgyýetiniň Altaý ülkesindäki bölüminiň goldawy bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa diňe bir gözlegleriň gerimini giňeltmäge däl, eýsem, bilim ugruny güýçlendirmäge hem mümkinçilik berýär. Hususan-da, düşürilen foto we wideo materiallaryň esasynda göçme fotosergi taýýarlanar. Ol 2026-njy ýylyň güýzünde sebitdäki ýokary okuw mekdeplerinde, muzeýlerde we jemgyýetçilik meýdançalarynda görkezilip başlanar.