Ï Jeýhunyň kenaryndaky «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýaňy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jeýhunyň kenaryndaky «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýaňy

view-icon 159
Jeýhunyň kenaryndaky «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýaňy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Welaýat merkezindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdançada geçirilen bu bäsleşik bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbini şöhlelendirýän milli sungatymyzyň alyslara ýaň salan toýuna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli aýdym-saz ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen ajaýyp sazlaşygyny emele getirýän milli sungatymyzyň geljegini kesgitleýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik sungat muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän, aýdym-saz sungatyny wagyz edýän we zehinli ýaşlara sungatyň ak ýoluna badalga berýän bu bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem at-owazasy dünýä ýaň salýan bu aýdym-saz baýramçylygy ýaş zehinleriň sazşynaslaryň, gözbaşyny geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatymyzyň, iň esasy zat hem halkymyzyň öňündäki hasabatydyr.

Ýokary guramaçylyk derejesinde ruhubelentlige beslenip geçirilen bäsleşikde şu nukdaýnazardan ugur alnyp, şeýle hem agzybir halkymyzyň bagtyýar, parahat we abadan durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly mukaddes ýörelgelerimizi wasp edip, ýokary derejede ýerine ýetirilen aýdymlar milli sungatymyzyň pajarlap ösýändigini, halypalaryň döreden milli sungatynyň köpöwüşginli ýolunyň ýaş zehinler tarapyndan ynamly dowam etdirilýändiginiň buýsançly buşlugyna öwrüldi.

Bäsleşikde ýene-de bir bellenilmeli ýörelgeleriň biri – oňa gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetiren eserleriniň dessanlarymyzdan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan, döwürdeş şahyrlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, eşretli zamanamyz baradaky şygyrlaryndan, şeýle hem ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdymlardan öz sesine, ýerine ýetirijilik ukybyna, kalbyna ýakyn saz eserlerini seçip almaklarydyr. Sahnada ýerine ýetirilen halk we häzirki zaman aýdymlarynyň daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlary bilen utgaşmagy bäsleşige gatnaşýan ýaş zehinleriň döredijilik geriminiň giňdigini, milli sungatymyzyň umumadamzat sungaty bilen berk baglanyşyklydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Bäsleşikde emin agzalary ýaş ýerine ýetirijileriň sahnada özüni alyp baryşlaryna, saýlap alan aýdymlaryna, olaryň sözleriniň dürs ýerine ýetirilişine, ýerine ýetirijilik ussatlygyna görä baha berdiler. Ýurdumyzyň belli sungat ussatlaryndan ybarat eminler toparynyň gelen netijesi boýunça Dänew etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Atamyrat Muhtarow we Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň artisti Jumageldi Babaýew ýeňijiler diýlip yglan edildi we olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda ter gül desseleri hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenip geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly bagtyýar zamanamyz baradaky «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy bu ýere ýygnanan sungat muşdaklarynyň hoş owazly, döwletli-döwranly döwrümiz üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplardan çykýan hoşallyk senasyna öwrüldi.