Ï «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynda «Nowça TV» atly sanly platforma tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynda «Nowça TV» atly sanly platforma tanyşdyryldy

view-icon 148
«Kids EXPO» sergi-ýarmarkasynda «Nowça TV» atly sanly platforma tanyşdyryldy

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda tanyşdyrylan çagalar üçin niýetlenen «Nowça TV» atly täze sanly platforma ýaş myhmanlarda we olaryň ene-atalarynda uly gyzyklanma döretdi. Täze sanly önümiň işläp taýýarlaýjysy hökmünde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi çykyş etdi.

Programmada dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen multfilmler, aýdymlar, öwrediji gepleşikler we wideo şekiller jemlenendir. Häzirki wagtda «Nowça TV» programmasyny 0530 gysga belgisine 11 ýazgyly SMS habaryny iberip, jogap hökmünde gelýän salgydan ýükläp bolýar.

Çagalar üçin hakyky garaşylmadyk sowgat «Nowça TV» platformasynda ýerleşdirilen täze türkmen «Menekliler» 3D animasion multfilmi boldy. «MenzilMekan Animation» studiýasy tarapyndan taýýarlanan bu taslama dostluk, birek-birege kömek etmek, hormat goýmak we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklary beýan edýär. Her bölümde baş gahrymanlar gyzykly wakalary başdan geçirýärler.

Ýerli taslamalardan başga-da, sanly platformada çagalar üçin bezegli elektron kitaplar, şeýle hem daşary ýurt multfilmleri ýerleşdirildi. «Nowça TV» programmasynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri ene-atalar üçin gözegçilik mümkinçilikleriniň bolmagydyr. Ulular çaganyň ýaşyna laýyklykda gerekli materiallary aňsatlyk bilen saýlap, şeýle hem programmany ulanmagyň wagtyny çäklendirip bilýärler. Munuň üçin 30 minut, bir sagat ýa-da islendik wagty belläp bolýar.