Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 117
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.