29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çäre geçirildi.

Çäräniň esasy maksady gatnaşyjylaryň arasynda ekologik pikirlenmäni ösdürmekden hem-de ýaşlary ekologiýa taýdan arassa, ygtybarly we durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen innowasion başlangyçlara höweslendirmekden ybarat boldy.
Çäräniň açylyşynda daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlygyň we ýaşlaryň işjeňliginiň möhümdigi bellenildi.

Onuň dowamynda öňdebaryjy eko-innowasiýalar bilen tanyşdyryldy hem-de gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem gatnaşyjylara galyndylary azaltmak, olary gaýtadan işlemek barada interaktiw maglumatlar berildi.
Çäräniň çäginde ekologik meselelere çalt we netijeli çözgüt tapmak boýunça guralan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda «Ýaşyl impuls» eko-fleşmoby guraldy we ekologiýa boýunça bilimleri barlamaga gönükdirilen «Öz oýnuň» intellektual toparlaýyn bäsleşigi geçirildi.

Ekologiýa çäresiniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara Hormat hatlary gowşuryldy.
Bu çäre Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda geçirildi.