Aşgabatda täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy bu desganyň milli saglygy goraýyş ulgamy üçin ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Täze toplum öz enjamlaşdyrylyşy we sanlylaşdyrmagyň derejesi boýunça ýurdumyzyň lukmançylyk pudagyny hil taýdan täze derejä çykaryp, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin özboluşly lukmançylyk edaralarynyň birine öwrülýär.
Merkezi sebitdäki beýleki şuňa meňzeş edaralardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlygy – emeli aň tehnologiýalarynyň we takyk sanly işleriň ilkinji kabul ediş tapgyryndan başlap çylşyrymly hirurgiki operasiýalara çenli ähli ugurlarda oýlanyşykly utgaşdyrylmagydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we şahsy gatnaşmagy netijesinde merkez Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Emma bu ýerde diňe döwrebap enjamlara däl, eýsem, olaryň bitewi intellektual ulgama birleşdirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýokary tehnologiýaly toplumyň esasy ugurlaryny emeli aň arkaly diagnostika we 3D skaner ulgamy düzýär. Ýagny emeli aň algoritmleri 3D skanerlerden alnan maglumatlaryň uly göwrümini dessine seljerip, implantlary ýerleşdirmek üçin zerur bolan burçlary, aralyklary we hereket traýektoriýalaryny millimetriň böleklerine çenli takyklykda hasaplaýar. Bu bolsa çylşyrymly bejergileri meýilleşdirmekde adam faktorynyň täsirini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu ulgamyň üstüni awtomatlaşdyrylan diş tehnikleriniň barlaghanasy ýetirýär. 45 hünärmene niýetlenen toplum CAD/CAM ulgamlarynyň esasynda işleýär. Modelleriň 3D çap edilmegi we soňraky işlenip taýýarlanylmagy emeli aňyň gözegçiliginde awtomatik usulda amala aşyrylýar. Bu ýalňyşlyklary azaltmaga we iň çylşyrymly şahsy protezleri gysga wagtda taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Özboluşly ulgamyň çäklerinde telelukmançylyk platformasy hem göz öňünde tutulandyr. Ýöriteleşdirilen monitorlar we sanly infrastruktura hakyky wagt tertibinde hem sebitleýin klinikalar, hem-de dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berer.
Dar ugurly hususy stomatologiýa otaglaryndan we adaty şäher saglyk öýlerinden tapawutlylykda, täze desga ambulator, stasionar hem-de ylmy-önümçilik bölümlerini özünde jemleýär.
Bu bölümleriň mümkinçilikleri örän giňdir. Bu ýerde fizioterapiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, birnäçe operasiýa otagyny öz içine alýan operasiýa-sterilizasiýa, şöhle bilen anyklaýyş, endoskopiýa, funksional we barlaghana anyklaýyşy ýaly ýöriteleşdirilen bölümleriň bitewi toplumy dörediler. Şeýle hem resminama dolanyşygynyň ýeke-täk elektron ulgamy ýola goýlar, näsaglaryň ýagdaýyna bolsa ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi arkaly gözegçilik ediler.
Toplumyň işe girizilmegi Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly äň-ýüz lukmançylygynyň doly derejeli merkeziniň kemala gelmegine şert döreder. Howpsuz anesteziýa, reňki sanly usulda saýlap şahsy protez taýýarlamak, ortodontiýa we keselleri irki döwürde emeli aň arkaly anyklamak lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline täze talaplary öňe çykarýar.
Täze desga bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy enjamlaryň esasy wezipesiniň diňe raýatlara dessin lukmançylyk kömegini bermäge we olaryň saglygyny goramaga gönükdirilmelidigini aýratyn nygtady.
Tehniki enjamlaşdyryş bilen bir hatarda, hünärmenleriň taýýarlygyna hem aýratyn üns berilýär. Merkeziň işgärleri ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi we halkara bejeriş teswirnamalary bilen işlemek boýunça taýýarlyk geçýärler.