Ï Suratkeş Azat Myradow: Gahrymanlaryň edermenliginiň waspy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratkeş Azat Myradow: Gahrymanlaryň edermenliginiň waspy

view-icon 176
Suratkeş Azat Myradow: Gahrymanlaryň edermenliginiň waspy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Azat Myradowyň durmuş ýoluny bir waka kesgitledi. Bir gün ol Ilýa Repiniň «Iwan Groznyý we ogly Iwan» suratynyň göçürme nusgasyny gördi. Oglanjyk haýran galyp doňup galdy: şeýle çylşyrymly duýgulary – gorkyny, ökünji, şepagaty – nädip, suratda hakyky ýaly, şeýle çynaberimsiz beýan edip bolýarka? Hut şol pursatdan başlap, Azat suratkeş bolmak kararyna geldi we kagyz-galamy asla elinden goýmady. Surat mugallymy Azadyň yhlasyny görüp, zehinli okuwçysyna elinden gelen kömegini edýärdi. Şeýle goldaw we yhlasly ymtylyş netijesinde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky oba mekdebiniň uçurymy 1994-nji ýylda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň suratkeşlik bölümine girdi.

Marynyň sungat mekdebi hemişe-de ajaýyp ussatlary bilen meşhurdy. Azat Myradow Aýna Nuryýewa we Gylyçmyrat Gurbanow ýaly hünärmenleriň elinde okamak bagtyna mynasyp boldy. Ol indi meşhur suratkeşler bilen gatnaşýardy, olaryň ussahanalaryna barýardy, döredijilikleri bilen tanyşýardy. Marynyň sungat mekdebi ýaş suratkeşde bilimdir ussatlygyň berk binýadyny döretdi. Ýöne kämilligiň çägi ýok, şonuň üçin Azat Myradow okuwyny tamamlan badyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratçylyk we dizaýn bölümine okuwa girdi.

Ol Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň ders berýän synpyna düşdi. – Ol hakyky suratkeşdi, diňe sungat hakda pikir edýärdi, şonuň bilen ýatyp-turýardy we şol barada gürleýärdi – diýip, Azat Myradow ýatlaýar. Iň esasy zat – ussat toplan bilimini zehinli okuwçylary bilen paýlaşýardy, olaryň arasynda Azat Myradow hem bardy. Şägirt halypasyndan taryhy žanra bolan söýgini we türkmen halkynyň rowaýatlarda hem eposlarda beýan edilen baý edebi mirasyny aldy. – Çeken suraty diňe bir şekil däl-de, belli bir wakany hakyky suratlandyrýan resminama bolmagy üçin, suratkeş köp okamaly – diýip, Çary Amangeldiýew okuwçylaryna aýdýardy.

Azat Myradow monumental molbert suratlaryna bolan höwesini mugallymyndan miras aldy. Onuň uly göwrümli suratlary üçin adaty studiýalar dar bolýardy, şonuň üçin Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşigi oňa örän beýik jaýdan ussahana berdi.

Azat Myradowyň işleri özüne çekiji. Onuň hususy surat çekiş usulynyň özboluşlylygy «Göroglynyň ikinji dogluşy» atly meşhur suratynda aýdyň ýüze çykypdyr. Bu surat birwagt Azat Myradowyň döredijilik ykbalyny kesgitlän şol göçürme surat nusgasynyň dessury boýunça döredilipdir. Suratkeş her bir gahrymanyň duýgularynyň hakykylygyny beýan etmegiň hötdesinden gelipdir. Şu ýerde onuň uslybynyň ýene bir tarapy – onuň ähli işleriniň diýen ýaly alamatyna öwrülen köp şekillilik açylýar.

Azat Myradowyň esasy işleriniň biri-de «Nuhuň gämisidir». Dünýäni gaplap aljak äpet tupandan Alla tarapyndan duýduryş berlen Nuh bir gämi ýasap, oňa Ýer ýüzündäki ähli haýwanlary jübüt-jübüt ýygnaýar. Şeýlelik bilen, Nuh boýnuna goýlan wezipäni ýerine ýetirýär we ahyrzaman gopmagyna garamazdan, Ýer ýüzündäki ýaşaýşy halas edýär.

Bu suraty döredende, Azat Myradowyň öňünde duran esasy wezipe Nuhy grekmi, arapmy ýa jöhitmi – haýsy millet hökmünde suratlandyrmaly diýen meseledi. Injil rowaýatlarynda bu soraga hiç hili jogap ýok. Netijede, Azat Myradow Nuhuň suratyny milletsiz görnüşde çekipdir – onuň ýüz keşbi we geýimi bu halklardan bolan islendik ýaşula bap bolardy.

Suratkeşiň her bir tomaşaçynyň dykgatyna ýetirmäge çalşan ýene bir möhüm zat – howply pursatlarda ähli jandarlaryň bir ýere jemlenmegidir. Suratdaky her bir gahrymanyň gözünde ägirt uly howsala we umyt görünýär. Gämide ähli haýwanlar Nuhuň daşyna üýşüpdir, olaryň her biri-de halas bolmaga we Ýer ýüzünde neslini dowam etdirmäge ymtylýar.

Azat Myradowyň ähli işleri many taýdan çuňňur, ýerine ýetiriliş taýdan ajaýyp. Olaryň arasynda «Röwşeniň synagy», «Şükür bagşy», «Soňky perman», «Hakykat bilen ýalan arasynda», «Ýusup Ahmediň hekaýatyndan», «Soltan Beýbars», «Uzaga çeken tümlük» we başgalar bar. Eýsem-de bolsa, şu günki günde mazmuny boýunça iň azymy adyny Magtymguly atamyzyň goşgusynyň bir setirinden alan «Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Käbäni görsem» suratydyr.

Azat Myradow Käbäniň we Mekgede mukaddes haj ybadatyny ýerine ýetirýän zyýaratçylaryň ýokardan görnüşini suratlandyrypdyr. Henize çenli Käbäni hiç kim şeýle suratlandyrmandy! «Käbäni ýokardan nädip görüp bildiň?» diýip, ýygy-ýygydan berilýän soraga suratkeş hemişe: – Men oňa Allanyň nazary bilen garadym – diýip, jogap berýär.

Azat Myradow Mekgä baranda, köp surat alypdyr we çekipdir. Ondan bäri iki ýyl geçdi, ýöne bu mukaddes ýeriň täsirleri oňa henizem rahatlyk berenok.

Azat Myradow häzirki wagtda Mekgä bagyşlanan ikinji «Mukaddes Käbe» atly suratyny tamamlaýar. Zyýarat döwründe suratkeş beýleki musulmanlar bilen bilelikde mukaddes ýeriň daşyndan ýedi gezek aýlanmak dessuryny ýerine ýetiripdir.

Özüniň çuňňur ruhy duýgularyny Azat Myradow «Mukaddes Käbe» triptihinde beýan edipdir. Surat – monohrom. Ol ak we çal reňklerde ýerine ýetirilen. Şeýle-de bolsa, çäkli reňk utgaşmagyna garamazdan, surat içki ýagtylykdan doly, onda suratkeşiň ruhunyň aýdymy ýaňlanýar.

Umuman, surat eserleri nakgaşyň özüni hemişe çeper häsiýetlendirýär. Azat Myradowy türkmen halkyna, Gündogara we bütin dünýä baky şöhrat getiren gahryman keşpler hemişe özüne çekýär. Onuň çekýän suratynyň gahrymany bolmak üçin, diňe gowy adam bolmak ýeterlik däl. Edermenlik görkezmeli, adatdan daşary şahsyýet bolmaly – döwürdeşlerimiziň aýdyşy ýaly, naýbaşy gahryman bolmaly. Şeýle hem suratkeş öz suratlaryndaky gahrymanlaryň batyrlygyny, paýhasyny, tutanýerliligini we asyllylygyny oglanlyk höwesi bilen, ak ýürekden wasp edýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Azat Myradow öz tejribesini zehinli ýaşlar bilen paýlaşýar. Zehinli ussat bilen ukyply okuwçylaryň birleşmesi Türkmenistanda şekillendiriş sungatynyň üstünlikli ösüşiniň kepilidir.