Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze döwrebap binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. 1-nji sentýabrda ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda ýokary okuw mekdebiniň möhüm ornuny belledi. 5 müň orunlyk täze toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda ýerine ýetirildi. Täze okuw toplumynyň düzümine okuw binalary, umumy ýaşaýyş jaýy we ýaşaýyş jaý toplumy girýär.
Bu ýokary okuw mekdebinde 13 gatly baş bina, 8 fakultet, 28 kafedra, döwrebap kitaphana we maslahatlar zaly ýerleşýär. Ähli okuw otaglary we barlaghanalar öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen.
Okuw toplumynyň çäginde ýerleşýän abadanlaşdyrylan umumy ýaşaýyş jaýy 2 müň 600 orunlyk bolup, iki binadan ybarat aýratyn ýaşaýyş toplumy bolsa jemi 80 öýden ybaratdyr. Ol ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi üçin niýetlenendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döredilen täze şertleriň döwrebaplaşdyrylan okuw mekdebiniň ýokary hünärli binagärleri, inženerleri, gurluşykçylary we senagat pudagynyň hünärmenlerini taýýarlaýan öňdebaryjy bilim ojagyna öwrülmegine mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.