Ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleri we parahatçylykly çemeleşmeleri barada aýdyp,sanly bilimiň, innowasion tehnologiýalaryň we täze okuw binalarynyň ulanmaga berlendigine hem-de onuň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajyplygy bellenildi. Sapagyň dowamynda Milli Liderimiziň nesil terbiýesi hakynda aýdanlaryndan, bu ugurda mugallymdyr halypalaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binalar toplumynyň ulanma berilmegi bilen bagly dürli çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem BMGÖP/AEG taslamasynyň çäginde geçirilen «Energiýa netijeliligi we durnukly gurluşyk pudagy ugrunda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini ösdürmek» mowzugyndaky maslahat boldy.
Çäräniň esasy maksady energiýa sarp edilişi nola golaý bolan binalaryň gurluşygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Bu sarp ediş görnüşi — raýat we senagat gurluşygynyň döwrebap standarty bolup, onda bina merkezleşdirilen ulgamlardan iň az mukdarda daşarky energiýany sarp edýär. Onuň durmuş üpjünçiligi üçin zerur bolan ähli energiýa diýen ýaly (ýyladyş, sowadyş, yşyklandyryş, şemallandyryş) alternatiw we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (GDEÇ) hasabyna göni şol ýeriň özünde ýa-da golaýynda bina tarapyndan işlenip düzülýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary we diňleýjileri bu mowzugyň meseleleri boýunça halkara geňeşçiler I. Purinanyň, Alekseý Zaharowyň we başgalaryň çykyşlaryny diňlediler.
Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň çykyşlarynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda Gün energiýasyny ulanýan netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri beýan edildi. Alymlar bu tehnologiýalary Türkmenistanyň tebigy-howa we gidrometeorologik şertlerine uýgunlaşdyryp ulanmagyň aýratynlyklaryny bellediler. Alymlaryň çykyşlarynyň hemmesi talyplarda uly gyzyklanma we gyzgyn seslenme döretdi. Söhbetdeşlik maslahatynyň dowamynda we ondan soň hem alymlar bilen talyplaryň arasynda pikir alyşmalar dowam etdi.