Ï 2026-njy ýylyň şygarynyň dünýä ahalteke atçylygyny ösdürmekde durmuşa geçirilmegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň şygarynyň dünýä ahalteke atçylygyny ösdürmekde durmuşa geçirilmegi

view-icon 74
2026-njy ýylyň şygarynyň dünýä ahalteke atçylygyny ösdürmekde durmuşa geçirilmegi

Türkmenistan dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýär. Şeýlelik bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda eden çykyşynda belledi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýtmagyna görä, halkara jemgyýetçiliginiň goldawy milli başlangyçlary öňe ilerletmekde möhüm orun eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup durýandygyny hem nygtady.