Ahalteke bedewiniň gözelligini wasp etmek aňsat wezipe däl. Özüniň näzik sazlaşygy we belent mertebesi bilen bu owadan atlar asyrlar boýy bütin dünýäniň şahyrlaryny, suratkeşlerini we ussatlaryny haýrana galdyryp gelýär. Niderlandlar Patyşalygynda jemi jemlenen golaýdaky halkara çäreler behişdi bedewleriniň keşbiniň dünýä sungatynda egsilmez ylham çeşmesi bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
Ahalteke bedewiniň keşbi häzirki zaman sungatynda nähili şöhlelendirilýändigini görkezmäge gönükdirilen döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň belli medeniýet işgärlerini, talyplaryny we daşary ýurtly ussatlary bir ýere jemledi. Olaryň her biri rowaýaty bedewlere bolan buýsanjyny we guwanjyny suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, zergärçilik hem-de surata düşürmek dili arkaly beýan etmäge çalyşdy.
Halkara derejeli emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, nakgaşçylyk ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly eseri birinji orny eýeledi. Eserde Garaşsyzlyk binasy, ýaşyl tugumyz, suw çüwdürimleri we şaý-sepler bilen bezelen almagöz bedew özboluşly sazlaşygy döredip, berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşini şöhlelendirýär. Awtoryň bu eserinde ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň düýp mazmunyny inçelik bilen açyp görkezýär.

Emin agzalarynyň uly gyzyklanma bildiren ugrunyň biri hem halyçylyk sungaty boldy, ol türkmen medeniýetiniň iň esasy gymmatlyklarynyň biridir. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň baş hünärmeni Ogulmaral Amanjaýewanyň «Türkmen bedewleri» atly haly eserler toplumy bäsleşigiň birinji ornuna mynasyp boldy. Ikinji orna bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halyçylyk kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewanyň «Bedew» atly eseri mynasyp boldy.
Däp bolan halyçylyk sungatynda ahalteke bedewiniň keşbiniň ösüş taryhy onuň halkyň ykbalynda – geçmişinde, şu gününde we geljeginde tutýan aýratyn ornuny şöhlelendirýär. Taryhy-medeni mirasyň mowzugynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halyny asyrlaryň mirasy hökmünde suratlandyrýan «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusy bilen şeýle aýdyň utgaşmagy tötänden däldir.
Niçik gudrat eneleriň yhlasy,
Göýä güller açan köňül sährasy,
Nepis haly – eýýamlaryň mirasy,
Şanly ömür beýanydyr türkmeniň.

Bäsleşigiň halkara derejesini daşary ýurtly ussatlaryň gatnaşmagy has-da tassyklady. Fotosungat ugry boýunça Ukrainanyň suratkeşi we suratçysy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, W.Osowskiniň ynsan bilen bedewiň ruhy ýakynlygyny görkezýän «Atlar» atly foto işler toplumy bäsleşikde oňa birinji orny getirdi.
Heýkeltaraşlyk ugry boýunça P.Patdykowyň «Maşgala» atly heýkel eseri birinji ýere mynasyp boldy. Türkmen zergärçiliginiň nepisligini behişdi bedewleriň syratyna ýaraşyk berýän at şaý-seplerinde jemlemegi başaran Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Arslanmyrat Sähedow «Milli miras» toplumy birinjiligi eýeledi.
Bäsleşigiň ähli ýeňijileri pul baýraklaryna mynasyp boldular. Ýeňijiler özlerinde galan täsirleri barada aýtmak bilen, döredijiliklerine berlen bu ýokary bahasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna ýadygärlik döredijilik sowgady bolandygyny nygtadylar. Olar gazanylan bu üstünligiň hem-de türkmen atçylyk sungatynyň milli sungatymyz bilen bilelikde halkara giňişligine çykarylmagynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlary hem-de yzygiderli aladalary netijesinde mümkin bolandygyny aýratyn bellediler.