Ï Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

view-icon 14
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.

Mejlise gatnaşyjylar ilki Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Giň möçberli gözden geçirilişde türkmen halkynyň taryhyna we şu günki ýeten derejesine, ösüşleriň belentliklerine tarap gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şunda bedew esbaplaryna, şaý-seplerine hem möhüm orun berildi.

Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis öz işine başlady. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň buýsanjy” atly täze goşgusynyň okalmagy dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Köşgüň ajaýyp sahnasyndaky monitorda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly ähmiýetli wakalar şöhlelendirildi.

“Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymy dabara özboluşly bezeg berdi. Meşhur sungat ussady ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini, türkmen sungatyny we medeniýetini dünýä çykarmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik geljegi nazarlaýan işleriniň uly rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy. Bu bolsa medeniýetleriň özara baglanyşygyny pugtalandyryp, onuň üsti bilen Watanymyzyň waspynyň ýetirilmegini üpjün edýär.

Mejlisde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew hem çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, çeperçilik akademiýasynda talyplara bilim bermek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da uly meşhurlyk gazanan ussat heýkeltaraş häzirki döwürde sungat äleminde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini aýtdy. Bu bolsa beýleki ugurlarda bolşy ýaly, milli heýkeltaraşlyk sungatynda hem täze nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. Munuň özi milli sungatyň beýik geljegi nazarlaýandygynyň we onuň dowamata atarylýandygynyň beýanydyr.

S.Babaýew ýaşlaryň arasynda sungatyň heýkeltaraşlyk ugruna höwes bildirýänleriniň köpdügini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan, atalyk maslahatlaryndan ruhlanyp, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça belent derejelere ýetmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigine ünsi çekdi. Şunda ýaşlaryň arasynda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge höwesekleriň sanynyň artýandygyny bellemek gerek. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylýar. Şunda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa söz berildi. Ol çykyşynda häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ç.Rustemowa paýhasly pederlerimiziň we zähmetsöýer halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini, munuň şöhraty dünýä dolan Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän milli gymmatlyklaryň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Bu ýerde kaşaň sahnada oturdylan monitorda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine, olaryň taryhyna, ýyndamlygyna, reňk aýratynlyklaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Diýarymyzda baý taryhy we ruhy mirasy gorap saklamakda, ony dünýäde giňden wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryndan ruhlanyp, asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon öz çykyşynda ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda alnyp barylýan işlere, atlar üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň köp sanly ýurtlarynda ahalteke bedewlerini saklamak, olary ösdürip ýetişdirmek, atlary iri bäsleşiklere gatnaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa bedewleriň dünýäde mynasyp orun eýeleýändiginiň we olaryň atçylyk sporty boýunça uly ýeňişleri gazanmaga ukyplydygynyň güwäsidir.

Ilçiniň çykyşynyň bütin dowamynda monitorda Beýik Britaniýadaky Windzor galasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem gatnaşmagynda geçirilen atly sport çärelerindäki çykyşlardan we ol ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi-ýarmarkadan wideoşekiller görkezildi.

Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan atyň eýesi, fransiýaly atşynas Odri Martinesiň wideoýazgy arkaly çykyşy diňlenildi. Ol çykyşynda öz atynyň dünýä giňişliginde belent şöhrata eýe bolan ahalteke bedewleriniň arasyndaky dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Atşynas Türkmenistanda bu pudagy ösdürmek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklaryna, onda ýurdumyzdan ýeňiji bolan çapyksuwarlara bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grandyň çykyşy ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlygyna bagyşlandy. Häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki şöhraty barha belende galýar. Bu bolsa Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi we ýurduň atşynaslarynyň iri bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini subut edýär. Diplomat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde döwrebap aýlawlaryň, atçylyk sport toplumlarynyň gurulýandygyny, bu işleriň Türkmenistanda atly sporty ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Ilçiniň çykyşy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň baş baýragyna mynasyp bolan fransiýaly atşynasyň baýrak alyp duran pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.

Soňra Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko çykyş etdi. Ol türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Diplomat çykyşynda dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleriniň taryhyna, şu gününe we milli seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara mejlise gatnaşyp, çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyrýan ahalteke bedewleri häzirki döwrüň parahatçylykly gatnaşyklarynyň nyşany hasaplanýar.

W.Maýkonyň çykyşy Kronenberg şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ukrainaly atşynaslaryň baýrak alyp duran pursatlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy. Şeýle-de bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelliginiň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edilişine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Halkara mejlis Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejiniň çykyşy bilen dowam etdi. Diplomat çykyşynda ata Watany Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň buýsandyryjy ýagdaýdygyny aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda medeni-ynsanperwer, şol sanda atly sport boýunça gatnaşyklara hem aýratyn orun degişlidir. Ilçi Türkmenistanda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde dünýä nusgalyk ýörelgeleriň bardygyna we bu ugurda oňyn tejribe toplanandygyna ünsi çekdi.

Türkiýeli diplomatyň çykyşynyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda eden çykyşlaryndan wideoşekiller görkezildi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşy diňlenildi. Çykyş “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherindäki çykyşlaryndan wideoşekiller bilen utgaşdy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gatnaşyklar giň ugurlary öz içine alýar. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, milli atşynaslyk däpleriniň giňden wagyz edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekmek zerurdyr. Türki halklaryň hemmesi üçin ähmiýetli bolan “Kitaby dädem Gorkut”, “Görogly” ýaly eserlerde atyň ýigidiň ýakyn syrdaşydygy beýan edilýär. Munuň özi taryhyň dowamynda ahalteke bedewlerine gyzyklanmalaryň örän ýokary bolandygyny subut edýär.

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň çykyşynyň dowamynda bolsa monitorda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşan türkmen bedewleriniň çykyşlaryndan pursatlar görkezildi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenistanda medeni mirasy gorap saklamak ugrunda edilýän tagallalar ýokary baha mynasypdyr. Bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy atlaryň sagdynlygyna, beden gurluşyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we olaryň arassa ganlylygyny saklamak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Lilianna Annaýewa öz çykyşynda bilim ojagynda atçylyk boýunça geçilýän sapaklary has çuňňur özleşdirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlaryň öňünde geçen umumy okuw sapagynda hem ýaş nesillere atçylyga söýgi döretmegiň ähmiýeti barada gymmatly pikirlerini paýlaşandygyny aýtdy. Şol pursatda monitorda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň haýran galdyryjy çykyşlaryny görkezýän şekiller peýda boldy.

Soňra “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren halkara mejlisde beýan edilen pikirdir teklipler barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde belent maksatlaryň amal bolýandygyny nygtap, atçylyk däplerini ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra mejlise gatnaşyjylar “Arkadag” binasynyň çägindäki meýdança ýygnandylar. Bu ýerde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli dabaraly konsert guraldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen bilelikde konserte tomaşa etmäge gelmegi ajaýyp künjekde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň derejesini has-da belende göterdi. Munuň özi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowamata atarylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz çäreleriň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda zerur tagallalary edýändiklerini belledi we olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Behişdi bedewleriň şanyna Arkadag şäherinde guralan dabaralar ýurdumyzda şöhratly seýisleriň asylly ýörelgeleriniň ösdürilmegi arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Soňra joşgunly konsert feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini bilen utgaşdy. Tyllaýy agşamda Arkadag şäheriniň asman giňişligini bezän bu şekiller çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.