Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 2

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bugdaý ununy, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 328 million 843 müň manatdan gowrak bolan glisirrizin turşulygyny, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, pagta süýümini, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulyklaryny, pagta galyndylaryny, çüýşe gabyny satyn aldylar.