Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik esasynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmen-koreý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy senagat, energetika, gazhimiýa ýaly möhüm pudaklary öz içine alýar. Öňdebaryjy koreý kompaniýalary Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli infrastruktura taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, ulag-kommunikasiýa, sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar, «ýaşyl» energetika ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň hem-de «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine uly orun degişlidir.
Ýurtlarymyzyň arasynda işewürlik ugry boýunça özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde ösdürilýändigini bellemek gerek. 2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda bu formatdaky hyzmatdaşlyk forumynyň ministrler derejesindäki 16-njy mejlisiniň çäklerinde işewürlik geňeşiniň 4-nji mejlisi, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşinde ýaş telekeçileriň işewürlik forumy geçirilipdi. 2024-nji ýylyň iýunynda paýtagtymyzda nobatdaky Türkmen-koreý işewürlik maslahaty guraldy. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle işewürlik duşuşyklary netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini artdyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şu gezekki Türkmen-koreý işewürlik maslahaty-da iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, dürli görnüşli senagat harytlary görkezilýär. Bu önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet derejesinde uly üns berilmegi bilen, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň ykdysadyýetimizde eýeleýän orny yzygiderli berkidilýär.
Serginiň ýurdumyzyň ýeňil senagatyna degişli bölümi köpdürlüligi, hil babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly we haly önümleri, dokma senagatyna degişli önümleriň giň görnüşleri görkezilýär. Şeýle-de bu ýerde telekeçileriň gurluşyk, senagat önümçiliginde gazanýan üstünliklerine aýratyn orun berlipdir. Munuň özi türkmen telekeçileriniň halkara bazarlara çykmaklary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümlere-de orun berlipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen kärhana çaga iýmitleri bilen bir hatarda, lukmançylyk we arassaçylyk işlerinde ulanylýan serişdeleri hem öndürýär. Kärhanada öndürilýän önümlere «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 güwänamasynyň berilmegi olaryň ýokary hil derejesini tassyklaýar.
Umuman, bu sergi türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändikleriniň, ýurdumyzda hususy pudagyň ösdürilmegi ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy. Maslahatyň ýokary derejeli mejlisi açyk diýlip yglan edilenden soňra, çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çykyş etmäge çakylyk üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirdi hem-de häzirki döwürde öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, iki ýurdy uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda koreý kompaniýalary ýurdumyzda işlemegiň uly tejribesini topladylar. Şunuň bilen baglylykda, «LX International Corp.» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käni boýunça tebigy gazy kükürtden arassalaýjy zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Şeýle hem «SK Networks» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak we konsultatiw hyzmat etmek işleri durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar hem-de ýeňil awtoulaglary düzýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilýändigini nygtap, geljekki taslamalar boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygyny, ýakyn geljekde olary durmuşa geçirmäge badalga beriljekdigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu bolsa koreý işewürliginiň Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygynyň we biziň gatnaşyklarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyna diňe bir möhüm tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşy däl, eýsem, senagaty döwrebaplaşdyrmakda, sanlylaşdyrmakda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan döwlet hökmünde-de garaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň hem, öz nobatynda, uly tebigy serişdelere, durnukly energetika binýadyna, amatly geografik ýerleşişe, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa, energetika, ulag ýaly pudaklara koreý tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny we dolandyryş tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.
Ulag-logistika, üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek geljegi uly ugur bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar sebiti hem-de halkara ulag geçelgeleriniň beýleki ugurlary bilen birleşdirýän Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde öz ornuny berkitmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şoňa görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň koreý kompaniýalarynyň degişli üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmagyna seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Koreý kompaniýalarynyň iri önümçilik taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribesi bar. Munuň özi mineral dökünleri, nebithimiýa önümlerini we beýleki senagat önümleriniň görnüşlerini öndürmäge niýetlenen täze başlangyçlar üçin gowy şertleri döredýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz lukmançylyk, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini aýratyn belläp, häzirki döwürde koreý kompaniýasynyň Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmäge gatnaşýandyklaryny, türkmen tarapynyň muňa öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak üçin geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýanyň işewürler jemgyýetçiligine ähli zerur şertleri döretmäge we olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna we iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän täze anyk taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Han Son Suka söz berildi. Ol hemmeleri Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Koreýa Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimizi we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekledi hem-de koreý işewürleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýandygy üçin döwlet Baştutanymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tehniki ylymlaryň doktory alymlyk derejesi we energetika senagaty baradaky çuňňur bilimi şu duşuşygyň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Şeýle hem Premýer-ministr Koreýada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirlik ýörelgelerini wasp edendiginiň gowy bilinýändigini aýdyp, şu duşuşygyň hem şeýle belent ruhda geçiriljekdigine, iki ýurduň Hökümetleriniň, işewür toparlarynyň bilelikde hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açjakdygyna ynam bildirdi.
Hanym Han Son Suk toplanan tejribä daýanyp, ykdysady hyzmatdaşlykda iki ýurduň öňünde duran 3 esasy ugry belledi. Olar energetika we infrastruktura desgalarynyň gurluşygy; gämi gurluşygy we ulag-logistika; bilelikde hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösmegi üçin Aşgabatdaky Patyşa Sejong instituty arkaly medeni alyşmalary ösdürmek bilen bir hatarda, tehniki hünärmenleri taýýarlamak işi hem utgaşdyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Koreýanyň uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy, tehniki bilimi, amaly tejribeleri giňeltmek esasynda hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berjekdigini aýtdy.
Hanym Han Son Suk çykyşynyň ahyrynda şu duşuşygyň iki ýurduň kompaniýalary üçin täze maýa goýum mümkinçiliklerini açmaga, öz amaly pikirlerini hormatly Prezidentimize we Hökümet wekillerine ýetirmäge uly mümkinçilik döredýändigini aýdyp, Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň telekeçileriň täze başlangyçlaryny köptaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Soňra Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň başlygy Jin Sik Ýun çykyş edip, hormatly Prezidentimizi Koreýa Respublikasynda tüýs ýürekden mübärekledi hem-de şu maslahata gatnaşýandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri Koreýa Respublikasy we Türkmenistan özara ynanyşmagyň hem-de hormat goýmagyň esasynda dürli ulgamlarda ýakyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, Jin Sik Ýun koreý kompaniýalarynyň öňdebaryjy senagat tehnologiýalarynyň, iri taslamalary amala aşyrmakdaky başarnyklarynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri we uly ösüş mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylmagynyň iki tarap üçin hem ýokary netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyz energetika, senagat, gurluşyk, ulag, infrastruktura ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirdiler. Häzirki döwürde özara hyzmatdaşlyk gämi gurluşygy, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sanly tehnologiýalar, ekologiýa ugurlaryny hem öz içine alyp, yzygiderli giňelmegini dowam etdirýär.
2019-njy ýylda Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde «Koreýa — Türkmenistan» işewürlik geňeşini döretdi. Şol döwürden bäri bu geňeş iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm wezipäni ýerine ýetirip gelýär. Çykyşynyň ahyrynda Jin Sik Ýun ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynyň iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de Koreýa Respublikasyna amala aşyrýan döwlet sapary üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hormat nyşany we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra Türkmen-koreý işewürlik maslahaty dowam etdi. Forumyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş eden wekiller özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemekde şu gezekki duşuşygyň ähmiýetini nygtadylar. Şunda koreý işewür toparlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan we ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge, senagatlaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk, infrastruktura, ekologiýa, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.
Soňra Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýlelikde, şu gezekki çäre ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge täze itergi berdi.