Ï Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

view-icon 61
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Koreýa Respublikasy bilen köptaraply hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga strategik taýdan gyzyklanýandygyny tassyklady. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda maýa goýumlar, söwda, energetika, himiýa we senagat pudaklary, demir ýol ulaglary, şeýle hem ylym, tehnologiýalar, emeli aň, ekologiýa we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika pudagynda bilelikdäki işleriň geljegine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyna Aziýa – Ýuwaş umman sebitindäki möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň koreý kompaniýalarynyň bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.