Ï Täze döwrebap desgalar Daşoguzyň binagärlik keşbini baýlaşdyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze döwrebap desgalar Daşoguzyň binagärlik keşbini baýlaşdyrar

view-icon 789

Daşoguz şäherinde 400 orunlyk täze Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Häzirki güne çenli «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan merkeziň esasy binasynyň ähli 10 böleginiň binýatlary tutulyp, demir-beton karkaslary galdyryldy. Desganyň käbir ýerlerinde kerpiç örmek we diwarlary suwamak işleri alnyp barylýar.

Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän 400 orunlyk täze döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlär. Desganyň umumy meýdany 9 gektara golaý bolup, ol dürli gatly binalardan ybarat bitewi toplum görnüşinde bina edilýär.

Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümlerinde dürli keselleri dessin ýüze çykarmaga we bejermäge ýardam berjek iň döwrebap lukmançylyk enjamlaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde tehniki maksatly birnäçe kömekçi desgalar, şol sanda ussahanaly ammar binasy, awtoulaglar üçin garaž, kir ýuwulýan jaý, naharhana we beýleki desgalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Desganyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, yşyklandyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde Daşoguz welaýatynyň adalat edaralary üçin täze edara binasynyň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu desgany «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurýarlar. Daşoguz şäherinden Köneürgenç şäherine barýan awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän täze binanyň umumy meýdany 1 gektardan gowrakdyr.

Ulanylmaga berilenden soň, bu iki täze iri we döwrebap desga çalt depginlerde ösýän Daşoguz şäheriniň özboluşly binagärlik keşbini has-da baýlaşdyryp, onuň sazlaşykly binagärlik toplumyna täze öwüşgin çaýarlar.