Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň giň meseleler toplumyna garaldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa merkezi, Stomatologiýa merkezi dabaraly açyp ulanmaga beriler.
Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.