Ï Çunsin şäherinde halkara media syýahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çunsin şäherinde halkara media syýahat geçirildi

view-icon 4

Häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda köptaraply ösüş modelleriniň, çalt depginli urbanizasiýanyň hem-de sanly ykdysadyýetiň utgaşýan meýdançasy hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň eýeleýän orny barha artýar. «Täze eýýam — Hytaýy öwrenmek» (2026) diýen at bilen Çunsin şäherinde geçirilen halkara media syýahat daşary ýurtly žurnalistler, syýasatşynaslar we jemgyýetçilik wekilleri üçin Hytaýyň durnukly ösüş strategiýasyny, şähergurluşyk syýasatyny we halkara hyzmatdaşlygyny öz gözleriň bilen görmäge giň mümkinçilik döretdi. Syýahat sentýabr aýynyň 18-21-i aralygynda geçirildi.

Ilkinji duralga Lýanszýan täze zolagy boldy. Bu ýerdäki «Wanhua ýaşyl ýüregi» (GreenHeart) we Szyweýlu täjirçilik köçesi Hytaýyň şäherleşme syýasatynda ekologiýa bilen ykdysady innowasiýanyň nähili utgaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

19-njy sentýabrda media syýahatyň maksatnamasy Nanan we Şapinba etraplaryndaky taryhy-medeni hem-de söwda toplumlarynda dowam etdi. «Kaýbu içži gunýuan» seýilgähi, Sýahaoli kwartaly hem-de «Çanszýahueý» söwda seýilgähi Hytaýyň taryhy mirasa bolan hormatyny we ony häzirki zaman söwda-syýahatçylyk üns merkezine öwürmek ussatlygyny subut edýär.

Şapinba etrabyndaky «Florensiýa şäherçesi» we «Žunçuan» medeni-syýahatçylyk toplumy halkara brendleriň hem-de ýerli sarp edijileriň özara bähbitli integrasiýasyny öwrenmek üçin amaly meýdança boldy.

20-nji sentýabrda «Guotai Youhuo City Plaza» meýdançasynda «Täze eýýam — Hytaýy öwrenmek: halkara sarp ediş we täze Çunsin» diýen köpçülikleýin habar serişdeleriniň ählumumylaşdyrylan aragatnaşyk çäresiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Hytaýyň öz içki bazaryny dünýä açmak, halkara söwda hyzmatdaşlygyny berkitmek we media üsti bilen açyklyk syýasatyny wagyz etmek ugrundaky strategik ädimleriniň netijesidir.