Ï Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat baýramçylyk gurnamalary bilen bezeldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat baýramçylyk gurnamalary bilen bezeldi

view-icon 63
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat baýramçylyk gurnamalary bilen bezeldi

Ak mermerli Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek esasy dabaralaryň we Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda has-da özgerdi. Paýtagtymyzyň merkezi şaýollary, binalary we jemgyýetçilik ulaglary watançylyk şygarlary, tematik sungat gurnamalary, bannerler hem-de Döwlet baýdaklary bilen bezelip, bitewi baýramçylyk keşbini emele getirdi.

Şäheriň gurşawyna aýratyn öwüşgin berýän gurnamalar we ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen diwarlyklar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu nyşan eýýamlaryň aýrylmaz baglanyşygyny, ýurdumyzyň öňe tarap hereket etmäge we depginli ösüşe bolan ymtylyşyny alamatlandyrýar.

Giň gerimli taýýarlyk işleri Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň çägini gurşap aldy. Döwrebap şäher awtobuslarynyň daşynda ýerleşdirilen elektron monitorlarda halkyň jebisligini, jemgyýetiň agzybirligini we öňde boljak taryhy forumyň aýratyn ähmiýetini şöhlelendirýän watançylyk şygarlary görkezilýär.